Bagyrda hususy jaýlar ýykylýar

Bagyrdaky jaý eýeleriniň birnäçesiniň sözlerine görä, häkimligiň wekilleri Bagyrdaky jaýlary şu ýylyň ahyryna çenli doly ýykmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýdýarlar. (Arhiw suraty)

Aşgabadyň häkimiýetleri Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän hususy ýaşaýyş jaýlaryny ýykyp başladylar. Şäher häkimliginiň wekilleri sebit ýaşaýjylaryna jaýlary ýykylýan raýatlara Büzmeýin şäherinden kwartiralaryň beriljekdigini dilden wada berýärler.

“Jaý ýykyşlygyna Bagyryň Gökje ýaşaýyş toplumy bilen serhetleşýän ýerinden başlapdyrlar. Köçäniň gaýra (demirgazyk) tarapynda Gökje, ileri tarapynda Bagyr ýerleşýär. Bu ýerde täze gurlan iki gatly hojalyk jaýlary bar. Häzire çenli 10-dan gowrak jaý ýykylypdyr” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy oktýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

Sebit ýaşaýjylarynyň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, şäher häkimliginiň wekilleri öýlere aýlanyp, olara hojalyk jaýlarynyň ýykyljakdygy barada resmi hat gowşurypdyrlar.

Degişli maglumat Aşgabatda dörtgatly ýaşaýyş jaýlary ýykmak işi dowam etdirilýär

“Hata jaý eýesiniň goly goýdurylyp, onuň bir nusgasy özüne berildi, birini hem häkimlik wekilleri alyp galdy. Şeýle-de, olara jaýlarynyň öz serişdeleriniň hasabyna ýykyljakdygy barada bir aý möhlet berildi” diýip, jaý eýeleriniň biri gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, häkimligiň wekilleri Bagyrdaky jaýlary şu ýylyň ahyryna çenli doly ýykmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýdýarlar.

"Sebitde müňe golaý hojalyk jaýy bolup, olaryň deregine dynç alyş şypahanalaryny gurmak göz öňünde tutulýar” diýip, ýaşaýjy häkimlik resmisiniň aýdan sözlerini sitirledi.

Ýaşaýjylar jaýlaryň ýykyljakdygy barada il arasynda köpden bäri myş-myşlaryň bardygyny aýdyp, soňlarynyň şeýle boljakdygyna eýýäm öňden bäri garaşýandyklaryny belleýärler.

Häkimligiň wekilleri jaýy ýykylýan ýaşaýjylara Büzmeýinden kwartiralaryň beriljekdigini dilden wada berseler-de, bu barada resmi hat gowşurmaýarlar.

“Resmileriň dilden berýän wadalaryna hiç hili ynamyň ýokdugyny hemme kim bilýär. Sebäbi paýtagtyň beýleki etrapçalarynda bolan jaý ýykyşlyklarynda bolşy ýaly, hojalyklaryň aglabasy täze beriljek jaýlara ençeme ýyllap garaşmaly we kireýine öýlerde ýaşamaly boljakdyklaryny bilýärler” diýip, sebit ýaşaýjysy ýokary wezipelerde garyndaşlary ýa tanyşlary bolan jaý eýelerine eýýäm Büzmeýin şäherindäki köp gatly jaýlardan kwartira berlendigini hem belledi.

Bagyrdaky hojalyk jaýlarynyň aglabasy mundan 20-40 ýyl ozal gurlan bolsa, käbirleri soňky onýyllygyň dowamynda bina edildi. Olaryň arasynda kaşaň-kaşaň iki gatly jaýlar hem bar.

Degişli maglumat Häkimiýetler jaý wadalaryny gaýtalaýar. Jaý nobatyna ýazylmak üçin 'ýa tanyş, ýa para' gerek

“Käbir adamlar howlusynda lemon ösdürip ýetişdirmek üçin goşmaça ýyladyşhana gurupdylar. Käbirleri bedene guşuny köpeltmek üçin ýörite niýetlenen otaglary gurupdylar. Häzir ilatyň ähli azaby, çykdajysy puja çykýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada şäher we Büzmeýin etrap häkimliklerinden kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 30-njy oktýabrda telefon arkaly eden yzygiderli synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Soňky iki onýyllygyň dowamynda paýtagt Aşgabatda we onuň eteklerinde müňlerçe köp gatly we hususy jaý ýykyldy. Bu jaýlaryň deregine köplenç täze seýilgähler, hökümet binalary ýa-da ilat arasynda “elita jaýlar” atlandyrylýan köp gatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýykylan jaýlarynyň öwezine kompensasiýa alyp bilmeýändiklerini ýa özlerine berilýän jaýlaryň köplenç şäheriň çetki etrapçalarynda ýa-da eteklerinde ýerleşýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda millionlarça amerikan dollary möçberinde serişde harçlanyp gurulýan täze ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar barada yzygiderli habar berýär. Ýöne resmi media ýykylýan jaýlar we jaýlary ýykylan ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýär.

Soňky ýyllarda Aşgabatda köpçülikleýin jaý ýykyşlyklary şäheriň merkezi etrapçalaryndan başga-da, Çoganly, Berzeňňi, 1-nji maý we Pöwrize ýaşaýyş toplumlarynda boldy. Bularda müňlerçe hojalyk häkimiýetleriň jaý ýumrulşyklaryndan ejir çekdi.

Degişli maglumat Ýumrulýan jaýlar: gözýaş we gazanç

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.