BAE Russiýa bilen Ukrainanyň 2000 ýesiri alyşmagyna ýardam etdi - ilçi

Birleşen Arap Emirlikleri Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 2000 tussagyň alşylmagyna ýardam etdi. Arhiw suraty

Birleşen Arap Emirlikleri Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 2000 sany uruş ýesiriniň alşylmagyna ýardam etdi diýip, BAE-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Al Hameli aýtdy. “Interfaks-Ukraine” habar agentligi bu täzeligi 27-nji noýabrda habar berdi.

BAE "Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 2000 [...] tussagyň alyş-çalyş edilmegini ýeňilleşdirip, "ynamdar araçy hökmünde möhüm rol oýnady” diýip, emirligiň ilçisi Aşgabatda BAE-niň Milli gününiň 53-nji ýyl dönümine bagyşlanan kabul edişlikde aýtdy.

Şýle-de ilçi BAE-niň ukrain-rus konfliktiniň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegi üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

“Newscentralasia” neşiriniň ilçiniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda dolanyşygy, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 5,9% ýokarlandy.

Habarda aýdylmagyna görä, bu döwürde iki ýurduň arasyndaky söwdanyň mukdary takmynan 1 milliard 300 million dollara barabar boldy.