2023: Azyk krizisiniň “açlyk protestlerini” tutaşdyran ýyly

Türkmenabatda un almak üçin nobata duran adamlar.

Türkmenistanda soňky alty ýylda uly meselä öwrülen azyk ýetmezçiligi, 2023-nji ýylyň dowamynda hem ilatyň aglaba bölegi üçin uly alada bolmagynda galdy. Ýurduň ähli künjeklerinde günübirin zerur harytlaryň gymmatçylygy we gytçylygy hasam güýçlendi, döwlet dükanlarynda we bazarlarynda gök-bakja önümleriniň, beýleki azyklaryň käbir görnüşleri söwda tekjelerinden doly ýitdi. Bu ýagdaýlar ýurtda gurpdan düşen ilatyň arasynda “açlyk protestleriniň” hem köpelmegine getirdi, käbir sebitlerde gazaba münen adamlar ýerli häkimler bilen dawalaşdy, hat-da polisiýa bilen çaknyşdy. Azyk howpsuzlygyny üpjün edendigini öňe sürýän türkmen häkimiýetleri problemalary çözmegiň deregine, ýüzlerçe adamlyk azyk nobatlaryny gizlemek we nägilelik bildirýänlere basyş görkezmek ýaly hereketler bilen jogap berdi.

Häkimiýetleriň, adatça, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda döreden emeli azyk bolçulygy, köpdürliligi we arzançylygy 2023-nji ýylyň birinji hepdesiniň ahyryna çenli hem saklanmady. Dessine harytlaryň ýiti gytçylygy emele geldi we nyrhlar iki aýyň içinde 40%-den hem aşa ýokarlandy.

Ýiti ykdysady çökgünlikden ejir çekýän türkmenistanlylar döwletiň degişlilikde arzan bahadan hödürleýän ýumurtga, un, şeker ýaly esasy önümlerine garaşly bolup durýar. Emma häkimiýetler ýurduň aglaba sebitlerinde ilaty azyk paýlary bilen kadaly üpjün edip bilmeýär.

Ýurduň dürli sebitlerindäki döwlet dükanlarynda ilata aýda bir gezek 5 kilogramdan paýlanmaly un ençeme aýlap satylmady ýa-da alty-ýedi aý soň goýberildi.

Mundan başga-da, ilata bazar nyrhyndan gymmat satylýan, ýaramlylyk möhleti geçen önümleri satyn almadyk raýatlara “paýok” paýlary berilmedi. Käbir iri şäherleriň, şol sanda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda esasy harydyň gapdalyndan şireli suwlar, rezin şypbyklar, kanselýariýa harytlary ýaly goşmaça harytlary satyn almak hem talap edildi.

Degişli maglumat Aşgabadyň polisiýasy çörek nobatlarynda 'ygtybarly däl' raýatlary gözleýär

Dükanlarda ilata her gün paýlanmaly çörek-de kadaly tapdyrmady. Häkimiýetler muňa oňaýly çözgüt hödürlemegiň deregine, hususy hojalyklarynda çörek bişirýänlere basyş görkezdi, “gazy tygşytlamak” bahanasy bilen adamlaryň howlusyndaky tamdyrlaryny ýykdy.

2023-nji ýylyň dowamynda döwlet dükanlarynda hasam köp ýumurtga ýetmezçiligi duýuldy. Hususy söwda nokatlarynda seýrek tapdyrýan bu harydyň bahasy iki esse çemesi ýokarlandy, ýagny sentýabrda 30 sany ýumurtgadan ybarat bir desse 33 manatdan satylan bolsa, ol birdenkä 50 manada çenli ýokarlandy. Şol pursat, ýurduň söwda edaralaryndan maglumat almak başartmasa-da, Azatlygyň habarçysy bilen anonim gürleşen telekeçiler ýumurtganyň gytçylygyny ýerli iri guş fermalarynyň birnäçesiniň towuklarynyň näbelli kesele uçrap, köpçülikleýin haram ölmegi bilen baglanyşdyrypdylar.

Raýatlar seýrek ýagdaýda satuwa goýberilýän esasy azyk önümleriniň hilinden hem şikaýat etdiler. Mysal üçin, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bazarlarynda we dükanlarynda ýaramlylyk möhleti birnäçe ýyl ozal geçen azyk önümleriniň ençeme görnüşi peýda bolsa, Aşgabatda we Maryda ilata arzan bahadan satylan harytlaryň, şol sanda unuň içinden dürli mör-möjekler, tarakanlar çykdy.

Gündelik çöregini satyn almak umydy bilen, döwlet dükanlarynyň öňündäki onlarça adamlyk nobatlar hem egsilmedi. Bu ýagdaýlar, nobatlarda käte dawa-jenjeliň döremegine, käte-de onuň urşa ýazmagyna sebäp boldy.

2023-nji ýylda ýurduň dürli künjeklerinde azyk ýetmezçiligine we gymmatçylygyna garşy adamlaryň nägilelikli çykyşlary, protestleri hem has köp döräp başlady.

Aprelde Ahalyň Kaka şäherinde ýerli ilat döwlet dükanlarynda azyklaryň, hususanda çörek önümleriniň iki esse gymmatlamagyna, 70 teňňeden birdenkä 2 manada galmagyna garşy nägilelikli çäre geçirdi. Onlarça adamyň şäheriň häkimliginiň öňünde ençeme günläp geçiren protestinden soň, häkimiýetler ýeňillikli bahadan satylýan çöregiň ozalky nyrhyny gaýtardylar.

Şeýle-de apreliň aýagynda Daşogzuň Köneürgenç etrabynyň “Täze Ýap” daýhan birleşiginiň häkimliginiň öňünde 100-e golaý ýaşaýjy jemlenip, iki aýyň hasabyna berilmedik azyk paýlarynyň satuwa çykarylmagyny talap etdiler.

Degişli maglumat Açlyk gozgalaňlarymy? Türkmenistanda azyk ýetmezçiligi we nägilelikler artýar

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň ilkinji bolup çap eden we Azatlygyň habarçysynyň tassyklan maglumatyna görä, 28-nji aprelde sebitiň “Zaman” daýhan birleşiginde hem 180 töweregi ýaşaýjy jemlenip, ýokarky talaplary öňe sürüp, Köneürgenje barýan ýoly petikläpdir. Ýeňil we ýük ulaglary, şeýle-de traktorlar köçäniň iki tarapyny hem böwetledi.

Bu protest çäresine gelen kanun goraýjy işgärleriniň sany 30-a golaýlanda, olar adamlary köçeden güýç bilen çykarjak boldular. Netijede protestçiler bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyk ýüze çykdy, bir polisiýa işgäriniň köýneginiň ýakasy ýyrtyldy.

Mundan soňra, sebite Köneürgençden häkimiň orunbasary we ýene-de ençeme resmi gelip, birnäçe sagadyň dowamynda uny we ýagy getirmegi söz berdiler. Emeldarlar “Täze Ýap” daýhan birleşiginde hem bu wadalaryny gaýtaladylar.

7-nji awgustda Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde, esasan aýal maşgalalardan ybarat ýüzlerçe adam azyk ýetmezçiligine garşy protest geçirip, şäher häkimi bilen dawalaşdy. Mundan soňra, häkim çäkli hem bolsa, döwlet dükanlarynda arzan çöregiň satuwyny gurajakdygyny, hususyýetçileriň bahalaryna hem gözegçilik etjekdigini söz berdi.

Iýun aýynyň başynda Türkmenbaşyda nägilelikler ýüze çykdy. Ýagdaýlaryň birinde ýerli ýaşaýjylar alty aý gijikdirilip satylan fewral aýynyň azyk paýyny alyp bilmänsoň, hökümet dükanyna hüjüm etdiler.

Şeýle-de iýun aýynda Aşgabatda ilata ýeňillikli bahadan satylýan çöregi satyn almaga baran alyjy bilen döwlet dükanynyň satyjysynyň arasynda ýakalaşyk boldy. Muňa satyjynyň köp mukdardaky çöregi diňe bir alyja satmagy we çöregiň nobata duran ýaşaýjylara ýetmezligi sebäp boldy.

14-nji iýulda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň döwlet dükanynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanýan uny almagyň üstünde dörän ýakalaşygyň netijesinde, 45 ýaşlaryndaky aýal dükanyň basgançaklaryndan ýykylyp, heläk boldy. Waka bilen bagly dükan satyjysy tussag edildi.

Türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynyň öňündäki adamlaryň uzyn nobatlaryna garşy göreşini hem dowam etdirdiler. Polisiýa öňünden nobat tutýan adamlary kowmak bilen birlikde, nobatlary ýaşyrmak üçin, subsidirlenen önümleriň satuwyny dükanlaryň arka gapysyndan ýola goýdular, şeýle-de, çörek satuwyny diňe irden sagat 7-8 aralygynda amala aşyrmaly etdiler.

Häkimiýetler ykdysady krizisiň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler we munuň bilen bagly döreýän protestleri kommentirlemeýärler. Döwlet telewideniýesinde görkezilýän habarlarda azyk önümleriniň, şol sanda çöregiň bolçulygy wasp edilýär we şatlyk, minnetdarlyk bildirýän bezemen mähelle görkezilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.