Azyk harytlarynyň gytçylygy we bahalaryň durnuksyzlygy alyjylary aljyradýar. Un, çörek, ýag ýaly esasy azyk önümleriniň bahasy hem bazarda, hem-de döwlet dükanlarynda üýtgäp durýar, maddy ýagdaýy barha agyrlaşýan ilat köpçüligi arzanrak önümleri satyn almaga synanyşýar. Bu ýagdaýda azyk öndürijileri we satyjylar azyk krizisiniň özlerine salýan agramyny gowşatmaga synanyşýarlar.
Şu günler Aşgabadyň bazarlarynda iýmit önümleriniň yzygiderli gymmatlaýan wagtynda käbir söwda nokatlarynda kesgitli bahadan satylýan azyk önümleri peýda bolýar. Emma Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ölçegli un, şeker we beýleki hatyrlaryň agramynyň azaldylyp, satylýandygyny habar berýärler.
"Plastik paketlere bir kilogramdan ölçegli satylýan un, şeker ýaly önümleri bir kilogramyň ýerine 850, 900 gramdan satýarlar. Çöregiň agramyny hem azaldýarlar. Şeýdip, söwda nokatlarynda girdejisini artdyrmaga synanyşýarlar" diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.
Degişli maglumat Azygyň gymmatlamagy, bahalaryň durnuksyzlygy ilaty howatyrlandyrýarÇeşmeleriň sözlerine görä, satyjylar şeýdip özlerine düşýän agramy kemeltmäge synanyşýarlar. Sebäbi bahalary saklamak barada söwda resmileri tarapyndan berilýän görkezmeleri ýerine ýetiren halatynda özleriniň zyýana galýandygyny satyjylar aýdýarlar.
"Görkezme esasynda, ýokardan buýruk bilen öndürijilerden bellenen bahadan azyk harytlaryny satmak talap edilýär. Hökümet şeýle diýdimzorluk syýasaty arkaly ilaty zerur azyk bilen üpjün etmäge synanyşýar. Emma öndürijiler öndürýän önümleriniň çykdajylaryny göz öňünde tutup, kärhananyň girdejisini üpjün etmeli, işgärlerine aýlyk tölemeli we gerekli enjamlary satyn almaly bolýarlar. Şol sebäpden hökümetiň ýokardan görkezme esasynda nyrhlary saklamak barada edýän talabyny ýerine ýetirmek üçin telekeçiler dürli emeller bilen, sowa, aýlaw ýollary bilen çykalga tapmaga mejbur bolýarlar" diýip, aşgabatly söwda işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azyk harytlarynyň gymmatlamagy şu aýyň aýagynda başlanyp, şu aý has güýçlendi. Häzirki nyrhlar ilat köpçüliginiň iýmitlenmek mümkinçiligini gowşadýar.
Döwlet dükanlarynda käbir azyk önümleri bazara garanda biraz arzan nyrhdan satylýar. Emma bu nyrhlar hem ýokarlanýar.
Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, häzir paýtagtyň çetinde we Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän oba dükanlarynda döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan satylýan unuň bahasy bir kilogramy 4 manat 50 teňňe. Bu ýurtda öndürilen pes hilli gara un.
"Bir kilogramy tas 5 manada ýetýän bu gara uny elekden eläňde, bir kilogramdan tas ýarysy kepek bolup, elekde galýar. Şeýdip alyjylaryň ýarym kilogram uny 5 manadan satyn aldygy bolýar" diýip, paýtagt ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Şu ýylyň başyndan bäri ýerli un döwlet dükanlarynda 3,5 manada satylýardy.
Habarçylar oktýabryň basynda ýurduň içerki önümi bolan unuň 1 kilogramynyň bazardaky bahasynyň ortaça 8,50 manada barabar bolandygyny habar beripdi.
Bu aralykda Türkmenabat şäherinde öndürijisi görkezilmedik arassalanmadyk günebakar ýagy satuwda peýda boldy.
"Türkmenabatda etiketkasy bolmadyk, rafinirlenmedik günebakar ýagy 23-nji oktýabrdan bäri satylýar. Öndürijisi belli bolmadyk günebakar ýagy ýörite uly göwrümli plastik kublardan alyjylara plastik gaplara guýlup berilýär. Edil pagta ýagyny guýup berişleri ýaly, günebakar ýagyny hem guýup berýärler" diýip, türkmenabatly çeşme gürrüň berdi.
Degişli maglumat Günebakar ýagy has gymmat bahadan satuwda peýda boldyHabarçylar öndürijisi görkezilmedik günebakar ýagynyň mundan öň satylmandygyny belläp, alyjylaryň
haýran galýandygyny aýdýarlar.
Resmi taýdan öndürijisi belli bolmadyk günebakar ýagy, Türkmenabat şäherini birinji kiçi etrapçasynda “Köneçiler” bazarynyň ýanynda satylýar.
Satyjylar ýörite ýük ulaglarda irden sagat 5:00-da ýagy getirip, sagat 10:00-a çenli satýarlar.
“Sagat 10:00-da satylmadyk ýagy galan bolsa-da plastik kublaryny maşynyň bortyna ýükläp alyp gidýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.
Günebakar ýagy bir hepdä golaý wagt bäri satuwda peýda. Oktýabryň başynda günebakar ýagynyň ähli görnüşleri tutuş ýurt boýunça birden gymmatlapdy we doly satuwdan aýrylypdy.
Türkmen hökümeti ýurtda 7 ýyl bäri dowam edýän azyk gytçylygyny resmi taýdan boýun almaýarka, durmuş derejesi barha agyrlaşýan ilat köpçüliginde krizisiň agramy astynda dartgynlylyk artýar. Azyk nobatlarynda dawa köpelýär.
Degişli maglumat Türkmenabatda azyk nobatynda ýakalaşyk boldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.