Azerbaýjanyň üstünden Polşa gazanç etmäge gidýän türkmenistanly köpelýär

Bezeg suraty

Türkmenistanda dowam edýän agyr işsizlik şertlerinde Türkmenbaşydan paromly Bakuwa baryp, ol ýerden Ýewropa aşýan türkmenistanlylaryň sany köpelýär.

Türkmenistanyň Hronikasynyň” Azerbaýjan metbugatyna salgylanyp ýamzagyna görä, şu ýylyň ýedi aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Azerbaýjana baran türkmenistanly syýahatçylaryň sany 3,8 esse köp bolupdyr.

Habarda aýdylmagyna görä, Azerbaýjana gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sany 1 million 143,6 müň adam bolan bolsa, türkmen raýatlary olaryň 1,2%-ini düzýär. Şu hasapdan çen tutulsa, ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanyň 13,723 çemesi raýatynyň Azerbaýjana barandygyny çaklasa bolýar.

Garaşsyz neşiriň habarçylarynyň ýerli syýahatçylyk firmasynyň işgärine salgylanyp aýtmagyna görä, Azerbaýjana barýan türkmenistanlylaryň köpüsi syýahatçylyk üçin barmaýar, olar Bakuwda Polşanyň möwsümleýin wizasyny resmileşdirip, Polşa gazanç etmäge gidýärler.

SchengenVisaInfo.com neşiriniň golaýda beren habaryna görä, Polşa 2022-nji ýylda Türkmenistanyň 2277 raýatyna iş wizalaryny berdi. Bu Türkmenistany raýatlary Polşadan iş wizasyny iň köp alan 15 ýurduň hataryna girizdi.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, türkmen migrantlarynyň Türkiýede gazanç etmek mümkinçilikleriniň peselmegi iş gözleýän raýatlaryň indi barha kän Polşa, Germaniýa ýaly ýurtlara ýykgyn etmegine alyp gelýär.

Golaýda Gyzylarbat etrabynyň merkezinden 40 kilometr demirgazykda ýerleşýän Tutly daýhan birleşigine baryp gören habarçymyzyň sözlerine görä, bu daýhan birleşigi il içinde soňky ýyllar “Ýewropa obasy” diýlip atlandyrylýar.

“Obada işe ýaraýan erkek göbekli tas galmady, bu daýhan birleşigine indi “Ýewropa obasy” diýýärler, sebäbi bu obanyň ýigitleri harby gullugy tamamlap ýetişdigi Germaniýa, Polşa işlemäge gidýär” diýip, Azatlygyň habarçysynyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Ýewropa işlemäge gidenleriň arasynda pul gazanyp, şol döwletlerde özlerine öýlenmäge gyz tapyp, öýlenip galýanlaryň hem sany köpelýär.

Degişli maglumat Çolarýan obalar halkyň 'parahatçylykly protesti' bolup görünýär