21-nji awgustda azerbaýjanly syýasy bilermen we häkimiýetleriň tankytçysy Bahruz Samadow Bakuwda tussag edildi. Bu barada Samadowyň enesi Zibeýda Osmanowa Turan habarlar gullugyna aýtdy.
Osmanowanyň sözlerine görä, agtygy tussag edilenden soňra, polisiýa olaryň öýlerinde gözleg geçiripdir we Samadowyň bikanun neşe bilen ilteşikli hereketlerde şübhelenýändigini aýdypdyr.
Mundan soň, aklawçy Osmanowa jaň edip, onuň agtygynyň “Ermenler bilen elektroniki hat alyşandygy” üçin diýilýän hereketi sebäpli, dönüklikde güman edilýändigini belläpdir.
Samadow Bakuwyň 2020-nji we 2024-nji ýyldaky harby hüjüm hereketlerini tankytlapdy. Soňkusynyň netijesinde Azerbaýjan aglaba etniki ermenileriň ýaşap oturan, bölünip aýrylan Daglyk-Garabag regionynyň gözegçiligini täzeden özüne geçiripdi.