Azerbaýjanly öňki diplomat adam pyçaklamakda aýyplanyp, saklandy

Azerbaýjanly öňki diplomat Emin Ibrahimow

Azerbaýjanly öňki diplomat Emin Ibrahimowyň ýakynlary we aklawçysy, 23-nji iýulda hökümet tankytçysynyň hamala bir adamy pyçaklandygy sebäpli, polisiýa tarapyndan tussag edilendigini mälim etdiler. Ibrahimow aýyplamanyň dolulygyna toslanandygyny aýdyp, ony ret edýär.

Onuň aklawçysy Akil Layijiň sözlerine görä, müşderisi oňa 22-nji iýulda giçlik Bakuwyň metro stansiýasynyň golaýynda näbelli bir şahsyň özüne hüjüm edendigini aýdypdyr. Munuň yzy bilen, dessine raýat eşikli adamlar peýda bolup, Ibrahimowy Nizami etrap polisiýa bölümine alyp gidipdirler.

“Diplomatyň tussag edilmegi täze bir tendesiýa bolup görünýär. Emin Ibrahimow prowokasiýanyň pidasy bolandygyny aýdýar. Ol aýyplamany ret edýär we özüne ýöňkelýän jenaýaty amal etmändigini aýdýar” diýip, Laýij belledi.

Ol müşderisiniň polisiýanyň öz telefonynyň parolyny bilmek üçin, oňa garşy elektroşoker ulanandygyny aýdandygyny hem sözüne goşdy.

Içeri işler ministrligi Ibrahimowyň saklanandygyny tassyklady. Ministrlik onuň şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk 1987-nji ýylda doglan bir kişini, ýakalaşyk mahaly, pyçaklandygyny aýdýar. Maglumatda ol şahsyň keselhana äkidilendigi nygtalýar.

Eger-de günäli tapylsa, Ibrahimowa sekiz ýyla ýyla çenli tussaglyk berlip bilner.