Azerbaýjan kommentatory 'içalyçylykda' aýyplanyp, 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Bakuw kazyýeti Azerbaýjanyň syýasy kommentatory Näzakät Mämmedowany Russiýanyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplap, 13 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi diýip, Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugy habar berýär.

Metbugatda öz düşündirişleri bilen çykyş eden we YouTube kanalyndaky “Alfa” teleýaýlymyny alyp baran Mämmedowa geçen ýylyň oktýabr aýynda tussag edildi we 5-nji noýabrda azatlykdan mahrum edildi.

Azerbaýjanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy ony žurnalist şahsyýetnamalaryny Russiýanyň aňtaw gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin ulanmakda aýyplady.

Azerbaýjan häkimiýetleri onuň YouTube kanalynyň "aç-açan orsýetçi materiallary" ýaýlyma berendigini we Moskwa eden saparlarynda Russiýanyň aňtaw gullugynyň işgärleri bilen gizlin duşuşyp, olardan pul alandygyny öňe sürdi.

46 ýaşly Mämmedowa Russiýa konferensiýa gatnaşmak üçin gidendigini we alan pulunyň syýahat çykdajylary üçin edilen töleg bolandygyny aýdyp, bildirilen aýyplamalaryň ählisini ret etdi.

Azerbaýjan häkimiýetleri soňky ýyllarda birnäçe žurnalisti tussag etdi. Žurnalistleri goramak baradaky komiteti žurnalistlere bildirilen aýyplamalary "toslama" we "syýasylaşdyrylan" diýip atlandyrdy.