Azerbaýjan Hazaryň “katastrofiki” derejede çekilmegine alada bildirýär

Hazaryň Azerbaýjan kenary (arhiw suraty)

19-njy awgustda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew rus prezidenti Wladimir Putin bilen Hazaryň suwunyň “katastrofiki” derejede çekilmegini maslahat etdi, şeýle-de hazarýaka bu iki döwletiň ýagdaýlary seljermek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Reuters gullugynyň maglumatyna görä, ylmy barlaglar Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň kenarynda ýerleşýän Hazaryň suwunyň 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri çekilýändigini görkezýär.

Alyýew Putine mundan iki ýyl ozalam suwuň aşagynda bolan, häzir bolsa ýeriň ýüzüne çykan daş böleklerini hem görkezipdir.

“Olar eýýäm 1 metre golaý ýeriň ýüzüne çykdy” diýip, Alyýew belläpdir.

Putin munuň bilen bagly hiç hili beýanat etmedi.

Azatlygyň habarçylary Hazaryň Türkmenistan kenarynyň hem soňky ýyllarda düýpli çekilendigini belleýärler.

Degişli maglumat Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”