Azerbaýjan Gazagystanyň Baku-Ýerewan parahatçylyk gepleşiklerini Astanada geçirmek teklibini 'kabul etdi'

Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (çepde) Bakuwda Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan garşy alynýar. Mart, 2024 ý.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjanyň Baku bilen Ýerewanyň arasyndaky parahatçylyk şertnamasy gepleşiklerini Astanada geçirmek barada Gazagystanyň beren teklibini “kabul ederlikli” hökmünde göz öňünde tutýandygyny aýtdy diýip, Aliýewiň metbugat gullugy 9-njy sentýabrda aýtdy.

Biraz öň, azerbaýjan we ermeni daşary işler ministrleri parahatçylyk şertnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin maý aýynda Astanada duşuşdy.

Geçen hepdede, Aliýew Azerbaýjanyň we Ermenistanyň şertnamanyň mazmunynyň 80 göterimi boýunça ylalaşandyklaryny aýtdy.

Baku Daglyk Garabagyň Ermenistan bilen birleşdirilmegi meselesiniň ermeni konstitusiýasyndan çykarylmagynyň parahatçylyk şertnamasynda agzalmagy ugrunda tutanýerli talaplary ileri sürmegi dowam etdirýär.

Azerbaýjan 2023-nji ýylyň sentýabrynda, tiz wagtda bolup geçen hüjümlerden soňra, bölünip aýrylan sebitde gözegçiligi gaýtadan ele geçirdi.