Azatlygyň maglumatyndan soň, Nyýazow adyndaky hassahananyň baş lukmany arassaçylyk işgärlerine käýedi

Çeşmelerimiz baş lukmanyň reaksiýasyny ýüzleý çäre häsiýetlendirip, lukmançylyk edarasyndaky arassaçylyk we beýleki näsazlyklary bejermek üçin düýpli çäre görülmeýändigini aýdýarlar. (Arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýän şäher hassahanasynda şertleriň barha ýaramazlaşýandygy baradaky maglumatynyň yzysüre, bu edaranyň baş lukmany arassaçylyk işgärlerine käýedi. Şeýle-de, lukman işgärlere öz işlerini talaba laýyk berjaý etmeýändiklerini aýdyp, olardan düşündiriş ýazmagy talap etdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri maglumat berdiler.

“13-nji oktýabrda irden sagat 8 töwereginde hassahananyň baş lukmany tam süpürijileriň otaglary süpürýän mata bölegini eline alyp, otaglara girip, gygyryp başlady. Ol bir tarapdan, penjireleriň öňündäki boşluklary we stollaryň üstüni çalasynlyk bilen syrdy. Beýleki tarapdan-da, arassaçylyk işgärlerine betlik bilen käýindi” diýip, waka şaýat bolan çeşmämiz gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, baş lukmanyň sesi köp näsagy howsala salyp, uklap ýatan we damjaly sanjym alýan näsaglaryň tisginip turmagyna hem getirdi.

Degişli maglumat Nyýazow adyndaky meşhur hassahananyň şertleri näsaglary gorkuzýar

“Muňa bir döw çaldy diýip, hususan-da, ýaşuly hassalar howatyrlandy” diýip, çeşme belledi.

Aradan köp wagt geçmezden, baş lukman arassaçylyk işgärleriniň ählisinden bir ýere ýygnanmagy talap etdi we olara käýemäge başlady.

“Görýäňizmi bu hapaçylygy?! Edýän işiňiz ýok. Size gybat bolsa bolany. Agzyňyza eýeçilik edip bileňizok. Gören adamyňyzyň ýanynda dostmyka diýip içiňizi dökýärsiňiz. Size kömek eden bolmaz, özüňiz hem işsiz galarsyňyz, bizi hem işden kowdurarsyňyz. Hemmäňiz düşündirişiňizi ýazyň. Çaý ýa kofe diýip, dynç alyş otagyna gireniňizi görmäýin” diýip, çeşmämiz baş lukmanyň aýdan sözlerini sitirledi.

Şol bir wagtda, çeşmelerimiz baş lukmanyň reaksiýasyny ýüzleý çäre häsiýetlendirip, lukmançylyk edarasyndaky arassaçylyk we beýleki näsazlyklary bejermek üçin düýpli çäre görülmeýändigini aýdýarlar.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada lukmançylyk edarasynyň resmileri bilen gürleşmek synanyşygy netije bermedi.

Ýöne bu waka, onlarça ýyl mundan ozal abraýly hasaplanýan bu lukmançylyk edarasynyň indi hatda aşa sada şertlere öwrenişen hassalary-da gorkuzýandygy barada Azatlygyň çap eden maglumatyndan bir gün soňa gabat geldi.

Habarçymyzyň 12-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Oguzhan adyndaky merkezi köçede ýerleşýän hassahananyň daşy goňşy binalardan kän bir tapawutlanmaýar. Fasadlar boýalan, howlusy tertipli, ýöne içerde hassalar başdan geçirenlerini “elhenç” diýip häsiýetlendirýärler.

Degişli maglumat Nyýazow keselhanasynda heläkçilikden soň liftler bejerilmedi

Ysdan ýaňa otaglarda bolar ýaly däl. Gireniňde peşewiň ysy burnuňa urýar, gözüňi ýaşardýar. Düşeklere peşewiň ysy siňipdir, düşekler tagtabitden doly we otaglaryň içinde saçakçy köp. Düşekler, ýorganlar we ýassyklar ençeme ýyl bäri täzelenmändir. Otaglaryň arassaçylygy hem kadaly däl.

Habarçymyz keselhananyň işgärlerine salgylanyp, bu ýagdaýlara döwlet tarapyndan maddy goldawyň gowşaklygynyň, abatlaýyş, arassaçylyk we beýleki zerurlyklar üçin ýeterlik pul berilmeýändiginiň sebäp bolýandygyny hem aýdypdy.

Paýtagtyň beýleki hassahanalary bilen deňeşdirilende, hyzmatlarynyň nyrhlary birneme pes bolan bu keselhanada şertleriň barha ýaramazlaşýandygy barada Azatlygyň habarçylary soňky bäş ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ençeme gezek habar berdiler. 2019-njy ýylyň noýabrynda keselhananyň gyssagly kömek bölüminde lift bozuldy we adam heläkçiligine getirdi.

Soňky ýigrimi ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda täze we häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň onlarçasy guruldy. Olaryň aglabasy paýtagtda ýerleşýär. Türkmenistanyň ýolbaşçylary bulary ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda gazanylan üstünlik hökmünde görkezýärler. Ýöne türkmenistanlylaryň ençemesi bu merkezlerdäki hyzmatlaryň bahalarynyň köpler üçin elýeterli däldigini we hyzmatlaryň hiliniň öwerlikli däligini aýdyp gelýär.

Degişli maglumat Türkmenistan saglyk işgärleriniň gününi belleýän mahaly, lukmanlar zähmet şertleriniň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny aýdýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.