Aşgabadyň döwlet dükanlarynda we söwda nokatlarynda ýeňillikli bahadan satylýan bitin towuk etiniň söwdasy kadaly görnüşde ýola goýlup başlandy. Bu waka, paýtagtda arzan towugyň söwdasyndaky gözboýagçylyklar barada Azatlyk Radiosynda çap edilen maglumatdan birnäçe gün soňa gabat geldi.
“Towuk söwdasyndaky mekirlikler Azatlyk Radiosynda paş edilensoň, häzir adamlar towuk etini adaty görnüşde satyn alyp bilýärler. Satyjylar towuk söwdasynyň adaty tizligini haýallatsa, nobata duran alyjylar ‘bulary ýene Azatlyga habar bermeli bolupdyr’ diýip, satyjylara eşitdirip aýdýarlar. Bu sözi eşiden satyjylar hyrçyny dişläp, özbaşyna hüňürdäp, towugyň satuw tizligini artdyrýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Degişli maglumat Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyk: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”Ýatlatsak, geçen hepde Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda we söwda nokatlarynda, dört aý arakesmeden soň, bitin towuk eti peýda boldy. Emma dükan satyjylarynyň ençemesi alyjylar bularyň satlyga däl-de, barlagçylara "towuk bolçulygyny” görkezmek üçin goýlandygyny aýtdy.
Şonda habarçylarymyz käbir dükanlarda bolsa, towugyň satuwynyň haýal amala aşyrylýandygyny we söwdanyň boldugyndan uzaga çekýändigini habar beripdiler.
Dükan satyjylary munuň sebäbini ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan dilden berlen görkezme bilen düşündiripdiler we oňa laýyklykda, her bir towugyň bir alyja 5-6 minutda satylmalydygyny aýdypdylar.
“Bu usul bilen, dükanlarda towuk söwdasynyň, hamana, hemişe gyzgalaňly görnüşde alnyp barylýandygy görkezilmäge çalşylýar” diýip, ýerli ýaşaýjy belläpdi.
Habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda towugyň söwdasyna dükan müdirleriniň hut özleri hem gözegçilik edýärler. Köp dükanyň müdiri öz “eden gözboýagçylyklaryndan” utanmagyň deregine alyjylary utandyrmaga çalyşýar.
“Dükan müdiri satyjylara ýüzlenip, alyjylara eşitdirip, ‘Häzir erkek galmandyr. Tizräk [towugy] goýberiň, bolmasa adamlar gybatçy aýallar ýaly arz-şikaýat etseler bolany. Adam satmaly bolsa, çörek hem iýjek däller' diýip, alyjylary utandyrjak boldy” diýip, aşgabatly başga bir ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň söwda edarasyndan kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Degişli maglumat Aşgabadyň polisiýasy çetki obalardan çörek satyn almaga gelen raýatlary gözleýärDöwlet dükanlarynyň aglabasynda dört aý çemesi wagt bäri bitin towuk satylmaýardy. Bazarlarda bir kilogramy 35-40 manatdan satylýan bu towuk döwlet dükanlarynda 21-27 manat aralygynda bahalanýar. Ýeňillikli azyk harytlarynyň hataryna girýän towukdan her ele bir sany satylýar.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ýeňillikli azyk, şol sanda towuk eti, un, çörek we ýag üpjünçiliginiň ýaramaz ýagdaýy soňky aýlarda has-da ýitileşdi.
Hepdäniň başynda Balkandaky habarçymyz Türkmenbaşy şäherindäki döwlet we hususy dükanlaryň aglabasynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan buhanka çöreginiň tapdyrmaýandygyny habar berdi.
Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.
Döwlet dükanlaryndaky azyk ýetmezçiligi barada gürrüň gozgamaýan türkmen häkimiýetleri azyk nobatlaryna gözegçiligi hem güýçlendirýärler. Nobatlar häkimiýetler tarapyndan wideo ýazgy edilýär. Aşgabatda polisiýa çetki obalardan çörek satyn almaga gelen raýatlary gözleýär.
Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berkidilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen mediasy bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýär.
Bu aralykda, Aşgabadyň we Balkanyň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi ýitileşýär. Raýatlar bank kartlaryndaky pensiýa we aýlyk haklaryny, şeýle-de döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler.
Degişli maglumat Aşgabadyň häkimiýetleri agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýan raýatlara garşy göreşýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.