Azatlygyň dokumental filminden soň, LGBTQ+ wekillerine garşy basyş güýçlenýär

Türkmenistanyň köçeleriniň birinde polisiýa işgärleri (Illýustrasiýa suraty)

Azatlyk Radiosynyň taýýarlan dokumental filminden soň, Türkmenistanda LGBTQ+ jemgyýetiniň, ýagny jynsy azlyklaryň wekillerine garşy reýdler geçirilip, häkimiýetler tarapyndan olara garşy basyş güýçlendi diýip, ýurduň polisiýa bölümlerindäki ygtybarly çeşmelerimiz aýdýarlar.

“Dawut Omarow bilen geçirilen söhbetdeşlikden soň, ýurduň häkimiýetleri jynsy azlyklaryň wekillerini, şol sanda gomoseksuallary anyklamak we yzarlamak tagallalaryny güýçlendirdiler” diýip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk 2-nji iýulda “Türkmenistanyň göze görünmeýän älemgoşary” atly dokumental filmi çap etdi. Filmde dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda öz hak-hukuklary we azatlygy üçin göreşýän batyrgaý adamlar barada gürrüň berilýär. Filmiň baş gahrymany 29 ýaşly Dawut Omarow öz şahsy başdan geçirenlerini paýlaşýar. Şeýle hem ýurduň içinde LGBTQ+ jemgyýetiniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda gürrüň berýär.

“Bu filmiň yz ýany, häkimiýetler bu reýdleri “ar alyş çäresi” häsiýetlendirýär. Reýdleri gizlin geçirmek maksady bilen, anyklaýyş işlerine Ýaşaýyş jaý üpjünçilik bölümleriniň işgärlerini çekýärler” diýip, Aşgabadyň etrap polisiýa bölümleriniň birindäki ygtybarly çeşmämiz belleýär.

Onuň tassyklamagyna görä, bu işgärlere kwartiralara aýlanyp, ýaşaýjylar barada maglumat ýygnamak tabşyrylýar. Olar bir jaýda diňe iki ýa-da ondan köp ýaş erkek ýaşaýan bolsa, olaryň at-familiýasyny, doglan senesini belläp alýarlar.

“Ýaşaýyş jaý üpjünçilik bölümleriniň işgärleri bir jaýda ýaşaýan ýaş erkekleriň goňşularyndan şol jaýa aýal-gyzlaryň myhmançylyga gelip-gelmeýändigini soraýarlar. Aýal-gyzlar görünmeýän bolsa, bu ýaşlar LGBTQ+ topara degişli bolmakda güman edilýänleriň sanawyna girizilýär. Birnäçe günden soň, bu jaýa gyssagly we duýdansyz polisiýa barýar” diýip, aşgabatly çeşmämiz belledi.

Çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, polisiýa bölümine eltilen ýaşlar soraga çekilýär we olaryň mobil telefonlary jikme-jik barlanýar.

Polisýa işgärleri Playmarket-iň ýa-da AppStore-yň taryhyna girip, Telegram, WhatsApp, Signal we Zoom ýaly programmalaryň ýüklenendigini ýa-da ýüklenmändigini anyklaýarlar. Eger bu programmalar telefona ýüklenen bolsa, onda olaryň akkauntlary, hasaplary täzeden dikeldilip, kontaktlary barlanýar.

“Eger ýaşlaryň çeçen LGBTQ+ ýa-da günbatarda ýaşaýan LGBTQ+aktiwistleri, şol sanda Dawut Omarow ýa-da adam hukuklaryny goraýan guramalar bilen arabaglanyşygynyň bardygy anyklansa, olar polisiýa işgärleri tarapyndan, otag gapylaryny açman, wagşyçylykly ýagdaýda urlup-ýenjilýär, ezilýär” diýip, aşgabatly çeşmämiz belledi.

Degişli maglumat Lebapda ten satýan aýallara we LGBTQ+ wekillerine garşy reýd geçirilýär

Ol soraga çekilen ýaşlaryň LGBTQ+ jemgyýetiniň wekilidigi anyklanan ýagdaýda, olara jaýyny kireýine beren jaý eýesiniň hem soraga çekilýändigini aýtdy.

“Jaý eýeleri polisiýa işgärleri tarapyndan gorkuzmalara we kemsitmelere sezewar edilýärler. Arada bir daýza otagdan sil-suw bolup, aglap çykyp gitdi. Bu zatlary görüp, işden çykar ýaly boldum” diýip, çeşmämiz belleýär.

Bolup geçýän bu wakalara Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň ençemesi hem alada bildirýär.

Azatlygyň sebitdäki habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan ýaşaýjylar köp adamyň gara sanawa girmekden we munuň bolup biljek netijelerinden gorkýandygyny aýdýarlar.

“Ýaşlaryň köpüsi Ýaşaýyş jaý üpjünçilik bölümleriniň işgärleri bilen aragatnaşykdan gaça durmaga synanyşýar. Olar polisiýanyň gelmeginden gorkýarlar. Şeýle-de, jaýlaryny kireýine berýän ýaşaýjylaryň arasynda hem howatyrlanma artýar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň we Lebabyň Polisiýa müdirliklerinden, şeýle-de ýurduň Içeri işler ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Adam hukuklaryny berk çäklendirmekde we kemsitmekde tankytlanýan Türkmenistanyň kanunçylygy gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýar. Ýurduň Jenaýat kodeksiniň, halkara hukuk goraýjy toparlary tarapyndan tankytlanýan, 133-nji maddasy “Beçebazlyk” boýunça iki ýyldan 20 ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistanda jynsy azlyklaryň wekilleri barada maglumat örän çäkli bolmagynda galýar. Olaryň kanun goraýjy edaralaryň we howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan yzarlamalara, basyşlara we gynamalara sezewar edilýändikleri barada Azatlyk we garaşsyz neşirler wagtal-wagtal habar berýär.

Redaksiýamyzyň şu aýyň başynda çap eden dokumental filminde öz howpsuzlygy sebäpli Türkmenistandan gaçyp çykan we häzir Polşada ýaşaýan Dawut Omarow Türkmenistanda agyr gynamalara, sütemlere duçar bolandygyny, hatda onuň maşgala agzalaryna basyş etmek bilen hem haýbat atylandygyny gürrüň berdi.

"Amnesty International" guramasy 2023-nji ýyl boýunça şu ýylyň aprelinde çap eden hasabatynda Türkmenistanda häkimiýetleriň LGBT adamlaryny kemsidip, adam hukuklaryny, azatlyklaryny we beden özbaşdaklygyny esassyz çäklendirýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.