Asly türkmenistanly Myrat Gurbanow eýýäm 19 ýyl çemesi Fransiýada ýaşaýar. Türkmenistanda wagty telekeçilik bilen meşgullanan Gurbanow özüniň we egindeşleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny beýan edeninden soň, häkimiýetleriň basyşlaryna we yzarlamalaryna duçar bolandygyny, şol sebäpli hem 2005-nji ýylda ähli emläklerini goýup, maşgalasy bilen daşary ýurda çykmaga mejbur bolandygyny aýdýar.
Aýkido söweş täri boýunça gara guşagyň 6-njy Danyň eýesi Gurbanow Aýkidonyň sözüň doly manysynda janyny halas edendigini we durmuşynyň çylşyrymly pursatlarynda bu söweş täriniň pelsepesiniň özüni deňagramlylykda saklap, kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge ýardam edendigini aýdýar.
59 ýaşly Gurbanow uzak ýyllardaky türgenleşikleriň netijesinde edinen hünäriniň we Aýkidonyň öňe sürýän pelsepesiniň, durmuşdaky islendik kynçylyklaryň arasynda, elmydama öňe gitmäge itergi hem hyjuw berýändigini belleýär. Ilki Ýaponiýada esaslandyrylan Aýkido – Deňagramlylyk we Energiýa Ýoly diýen manyny berýär.
Bu dokumental film Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa gulluklarynyň “Sport Şahsyýeti – päsgelçilikleriň hötdesinden gelmek” bäsleşiginiň çäginde taýýarlanyldy.
Bu proýekt dürli kynçylyklara, şol sanda milli, medeni, syýasy we jemgyýetçilik böwetlerine garamazdan, sportda uly üstünlik gazanan türgenleri şöhratlandyrmagy maksat edinýär. Bular tanymal dünýä ýa-da olimpiýa çempionlary bilen bir hatarda, paralimpiýaçy ýa-da medeni kynçylyklara garşy göreşen zenan pälwan ýa-da söweş sungatynyň türgeni ýaly ähli kynçylyklara garşy şahsy belentliklere ýeten oba sportçysy ýa-da sport zenany bolup biler.
Munuň bilen baglylykda, ýaryşyň çägindäki diňe bir Merkezi Aziýaly türgenleriniň ajaýyp üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýse beýlekileri hem öňündäki päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge ruhlandyrjakdygyna ynanýarys.