Fransiýanyň kazyýeti Dominik Pelikoty aýaly Žizele köp ýyllap trankwilizator dermanlaryny berip, nätanyş adamlary ony zorlamaga çagyrandygy üçin 20 ýyl azatlykdan mahrum etdi diýip, "Associated Press" habar berýär.
Kazyýetiň kararyna laýyklykda, 72 ýaşly Peliko ýagdaýy agyrlaşdyrýan görnüşde adam zorlamakda we özüne garşy bildirilen beýleki aýyplamalaryň ählisinde günäli tapyldy.
Kazyýet oňa mümkin bolan iň ýokary jezany berdi.
Peliko, günäkärlenen beýleki adamlaryň birneçesi ýaly, günäsini boýun aldy.
Pelikodan başga, bu iş bilen baglylykda dürli ýaşly, hünärli we jynsly 50 erkek aýyplandy. Olar on ýyllap Pelikonyň öýüne gelip, onuň uklap ýatan aýalyny zorlapdyrlar. Dominik bu ýagdaýlary wideo ýazgy edipdir. Ol häzir 72 ýaşyndaky Žizel bilen 50 ýylllap nikada bolupdyr.
Polisiýa bu wideolary 2020-nji ýylda, Peliko supermarketde aýallaryň etekleriniň aşagyny gizlin ýazgy edýändigi üçin tussag edileninden soň tapdy.
Kazyýet derňewiniň çäginde ondan iki telefon we noutbuk konfiskasiýa edildi, onuň özüniň we beýleki adamlaryň Žizeli zorlaýan wagtynda düşürilen we alnan 20 müňden gowrak wideo, surat tapyldy. Ýazgylarda zorluga jemi 72 erkegiň gatnaşandygy anyklandy, ýöne olaryň hemmesiniň şahsyýetini kesgitläp bilmediler.
Şahsyýeti anyklanan erkekler 19-njy dekabrda üç ýyldan 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum edildi.
Anonimlikden, adynyň aýdylmazlygyndan ýüz öwren we özüni zorlanlaryň açyk kazyýet işine gatnaşmak kararyna gelen Žizel Pelikonyň batyrlygy Fransiýada aýal-gyzlaryň howpsuzlygy baradaky çekişmeleriň milli derejede-de, şahsy derejede-de öňe sürülmegine getirdi.
Aktiwistler kazyýet seljermesiniň geçirilýän binasynyň garşysynda “Merci Gisele” - “Sag bol, Gisele” diýen ýazgyly uly plakat asdylar.