AÝ/AR-nyň žurnalisti Kurmaşewa Halkara Metbugat Azatlygy Baýragyna mynasyp boldy

Alsu Kurmaşewa maýda Kazanda geçirilen kazyýet diňlenişigine gatnaşýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewa abraýly Halkara Metbugat Azatlygy Baýragyna mynasyp bolan dört žurnalistiň biri boldy diýip, Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet mälim etdi.

Kurmaşewa awgustda Russiýa bilen Günbataryň arasynda geçirilen tussag alyş-çalşygynda Russiýadaky tussaglykdan azatlyga çykypdy.

“Žurnalistleri Goramak boýunça Komitetiniň Halkara Metbugat Azatlygy Baýragy žurnalistleriň dünýä boýunça, hakykaty gizlemek synanyşyklaryna garamazdan, faktlary beýan etmek ugrundaky tagallalaryny şöhlelendirýär” diýip, Komitetiň baş dolandyryjysy Jodie Ginsberg 19-njy sentýabrda beýanat bilen çykyş etdi.

47 ýaşly Kurmaşewa baýrak noýabrda gowşurylar. Bu baýraga başga-da palestinaly žurnalist Şrouk al-Aila, gwatemalaly habarçy Kuimy de Leon we nigeriýaly žurnalist Samira Sabou mynasyp boldy diýip, beýanatda aýdylýar.