AÝ/AR-nyň ozalky žurnalisti, ABŞ-Eýran goşa raýaty Tähranda tussag edildi

Reza Walizadeh Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy, ýagny Radio Fardanyň ozalky žurnalistidir (arhiw suraty)

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň öňki žurnalisti, daşary ýurtda köp ýyly geçireninden soň, Eýrana dolananda Tähranda tussag edildi. Bu barada ýagdaýlardan habarly bir çeşme 15-nji oktýabrda maglumat berdi.

ABŞ-Eýran goşa raýatlygynyň eýesi Reza Walizadeh mundan üç hepde töweregi ozal tussag edilipdir. Onuň garyndaşynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Walizadehe bildirilýän aýyplamalaryň arasynda: daşary ýurtlardaky pars dilli media serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk etmek hem bar.

Eýranyň resmileri Walizadehiň tussag edilmegi bilen baglylykda häzirlikçe beýanat bilen çykyş etmediler.

Walizadeh Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy, ýagny Radio Fardanyň ştat işçisi hökmünde 2022-nji ýylyň noýabrynda wezipesinden gitdi we şondan soň birneme wagt daşary ýurtda ýaşady.

Walizadeh 13-nji awgustda X sosial ulgamynda galdyran ýazgysynda, Tährana 16-njy martda gelendigini belledi.

Postda onuň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň aňtaw edaralary bilen gepleşikleri “ýarym-tamamlandygy” aýdylýar, şeýle-de onuň 14 ýyldan soň Eýrana dolanmak kararyna gelendigi, munuň hem onuň dolulygyna öz jogapkärçiligi esasynda amal edilýändigi, şeýle-de oňa “ynam hatynyň berilmändigi, hat-da dil üsti bilen hem aýdylmandygy” bellenilýär.

Walizadehiň bu posty haýsy ýagdaýlarda ýazandygy aýdyň däl.