Awazadaky festiwal şäherde hereketi, kenarda aýal-gyzlaryň suwa düşmek mümkinçiligini çäklendirdi

"Awaza" syýahatçylyk zolagy. Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ilatyň we awtoulaglaryň hereketi ýiti çäklendirilip, gözegçilik güýçlendirildi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda aýal-gyzlara ýapyk eşikde suwa düşmek tabşyryldy. Bu çäreleriň ählisi “Awaza - 2023” atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy bilen bagly boldy. Bu aralykda, Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligine bagyşlanan köpçülikleýin çäre geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri mejbury gatnaşdyryldy.

“Şu gün Awaza syýahatçylyk zolagy adaty adamlar üçin doly ýapyldy. Sebite kanun goraýjy edaralaryň gözegçiligi güýçlendi. Myhmanhanalara-da dynç alýan myhmanlardan başga adamlar goýberilmeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlara şaýat bolan sebitdäki habarçysy 14-nji iýunda aýtdy.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşyda we onuň töweregindäki etrapçalarda hereket hem tas doly togtady. 13-nji iýunda, günüň ikinji ýarymynda Türkmenbaşynyň howa menzili hem adaty raýatlar üçin ýapyldy.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda Berdimuhamedowyň saparynyň öň ýany “adaty durmuş togtady”

“Awaza - 2023” atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyşy bilen bagly geçirilýän bu çäreleriň hatarynda sebitiň kafelerinde we restoranlarynda, şeýle-de köçelerde çilim çekmek we alkogol içmek hem gadagan edildi.

“Hazar deňziniň kenarynda aýal-gyzlara ýapyk eşikde suwa düşmek hem tabşyryldy. Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri munuň sebäbini ‘howpsuzlyk, ahlak we terbiýe’ diýen sözler bilen düşündirýärler, ýöne doly maglumat bermeýärler we bu çäklendirmäniň birnäçe gün dowam etjekdigini aýdýarlar. Köp syýahatçy özüni dynç almaga gelen ýaly däl-de, uruşda ýesir düşen ýaly duýýandygyny aýdýar” diýip, ýerli syýahatçylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

TDH 13-nji iýunda bu festiwala gatnaşmak üçin halkara guramalaryň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, alymlaryň, medeniýet işgärleriniň Awaza gelendigini habar berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilýän we dünýä halklarynyň sungatyna bagyşlanandygy aýdylýan çäre 13-16-njy iýun aralygynda geçirilýär.

Festiwala görülýän taýýarlyklar birnäçe gün öňünden başlandy. Taýýarlyklaryň çäginde Türkmenbaşyda we Awazada giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi. Bu işleriň ýerine ýetirilmegi, şol sanda köçeleri süpürip, otlary arassalamak üçin welaýatyň beýleki etraplaryndan býujet işgärleri getirildi.

Balkanly býujet işgärleriniň birnäçesi iýun aýynyň ahyrynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyklaryň hem başlanandygyny aýdýar.

“Bu hepdeligiň dowamynda geçiriljek köpçülikleýin çärelere gatnaşjak býujet işgärleriniň sanawy düzülýär. Käbir edaralarda işgärleriň öňünden planlaşdyrylan dynç alyşlary goýbolsun edilýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat Balkan: Býujet işgärleri yssy howada köpçülikleýin tigirli ýörişlere çekildi

Bu aralykda, Maryda Medeniýet hepdeligine bagyşlanan köpçülikleýin çäreler eýýäm geçirilip başlandy. Şeýle çäreleriň biri 13-nji iýunda Mary şäheriniň merkezi kitaphanasynyň öňünde geçirilip, adatça bolşy ýaly oňa býujet işgärleri gatnaşdyryldy. Çärä gatnaşan aýal-gyzlaryň aglabasy keteni köýnek, tahýa, ýaglyk ýaly milli egin-eşikleri geýmäge borçly edildi.

“Çäre üçin taýýarlyklara, şol sanda bezeg işlerine irden sagat 7-de girişildi. Ikindin sagat 5-de çäre başlady. Kitaphananyň öňündäki Mollanepes köçesi ýapyldy. Çäre adamlaryň işden boşaýan wagtynda geçirilendigi sebäpli Aşgabat köçesinde ulaglaryň uly dyknyşygy emele geldi” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan maryly habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri her ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Şu ýyl 22-27-nji iýunda belleniljek bu hepdeligiň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçiriler. Ýurduň öňki prezidenti, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýunda bellenilýän doglan gününe gabat gelýän bu hepdeligiň dowamynda daşary ýurtly bagşy-sazandalaryň konsertleri hem gurnalýar.

Galyberse-de, TDH bu ýyl, 24-29-njy iýun aralygynda ýurtda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň hem geçiriljekdigini habar berýär. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň wekilleriniň, şeýle hem TÜRKSOÝ-yň Sekretariatynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýandygy bellenilýär.

Degişli maglumat Uly Berdimuhamedowyň doglan gününde daşary ýurtly bagşylar aýdym aýdar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.