Atom stansiýasy planlaryny 'sorag astyna' alan gazak aktiwistine YouTube 'ses berişligi' boýunça jerime salyndy

Gazagystanly raýat aktiwisti Abzal Dostiýarow Auezow etrap prokuraturasynyň edarasynda. 9-njy sentýabr, 2024 ý.

Gazagystanly aktiwist atom elektrik stansiýasyny gurmak boýunça hökümetiň ählihalk sala salşygyny geçirmek meýilnamalaryny ‘sorag astyna alýan YouTube wideosy’ zerarly, jerime tölemäge höküm edildi.

Abzal Dostiýarow Almaty şäheriniň Auezow etrap kazyýetiniň 10-njy sentýabrda özüni jemgyýetçilik sala salşygyny geçirmek hakynda kanuny bozmakda günäli tapyp, 55,350 tenge (115 dollar) jerime tölemäge höküm eden mejlisini efire berdi.

Dostiýarow özüniň bigünä bolandygyny tutanýerlilik bilen aýtdy we geçen hepdäniň başlarynda çap edilen degişli wideonyň ses berişlik bolmandygy aýtdy. Ol kazyýetiň kararynyň syýasy matlaply bolandygyny aýtdy.

Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew atom elektrik stansiýasynyň gurluşygy bilen bagly jemgyýetçilik goldawyny ölçermek üçin, 6-njy oktýabrda ählihalk sala salşygyny geçirmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu mesele babatynda özger pikiri görnetin sem etmek synanyşyklaryna garamazdan, degişli teklip ep-esli garşylyga duçar bolýar.