Aşgabatda ilata ýeňillikli bahadan satylýan çöregi satyn almaga baran alyjy bilen döwlet dükanynyň satyjysynyň arasynda ýakalaşyk boldy. Muňa satyjynyň köp mukdardaky çöregi diňe bir alyja satmagy we çöregiň nobata duran ýaşaýjylara ýetmezligi sebäp boldy.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň we çeşmeleriniň maglumatyna görä, waka 24-nji iýunda “Desse” atly 14-nji dükanda daňdan sagat 5:40 töwereginde boldy. Dükan satyjysy 40 sany çöregi gymmatbahadan, ýagny her birini 1 manat 50 teňňeden bir adama satdy.
Bellesek, döwlet dükanlarynda her gün irden bir sagat çemesi wagtyň dowamynda her biri 1 manat bahalanýan çörekden adam başyna günde diňe üç sanysy satylýar.
Degişli maglumat Azyk gytçylygynyň arasynda hojalyklar gizlin bişiren çöregini ilata hödürleýärWaka bolanda çörek nobatyndaky 30 çemesi adam “çörek bize-de ýeter” diýen umyt bilen, satyjynyň köp mukdardaky çöregi diňe bir alyja satmagyna "sesini çykarmady". Emma...
“Bir salymdan soň, satyjy çörek gutardy diýip, dükanyň gapysyny ýapmakçy boldy. Şonda 22-25 ýaşlaryndaky bir oglan satyja 'isläniňe isläniňçe berer ýaly, ol ataňdan galan mal däl ahyryn’ diýip, öz nägileligini beýan etdi. Erkek satyjy oňa "arzyň bar bolsa, bar, islendik ýere şikaýat ediber" diýip, äsgermezlik bilen jogap berensoň, oglan satyjynyň ýakasyndan tutup, beýleki eli bilen, satyjynyň ýüzüne iki sapar ýumruk urdy" diýip, waka şaýat bolan aşgabatly ýaşaýjy 27-nji iýunda aýtdy.
Waka şaýat bolanlaryň sözlerine görä, nobatda duran zenanlar oglany parasatly bolmaga çagyrdylar we köşeşdirdiler. Onuň ýanynda duran adamlar bolsa, aralap, urşuň dowam etmeginiň öňüni aldylar.
"Şol pursat wakanyň bolan ýerine polisiýa gelmedi" diýip, ýaşaýjy sözüne goşdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada agzalýan dükan bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.
Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, hyzmatlaryň we harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk döwlet dükanlarynyň ýeňillikli bahadan satylýan harytlaryna garaşly bolup galýar.
Degişli maglumat Köneürgenç etrabynda protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy“4-5 manatdan satylýan çöregi günüň dowamynda islendik wagty satyn alyp bolýar. Ýöne güzeran eklenji kynlaşan köp maşgala ýeňillikli bahadan satylýan çörege uly isleg bildirýär” diýip, çeşmämiz belledi.
Habarçylarymyz we çeşmelerimiz ýeňillikli bahadan satylýan çöregiň nobata duran adamlaryň ählisine ýetmeýändigi sebäpli dawa-jenjeliň köp bolýandygyny, ýöne bularyň urşa seýrek ýazýandygyny aýdýarlar.
Dükan işgärleriniň ilat üçin niýetlenen harytlary üçünji taraplara, şol sanda hususy söwdagärlere sadyp, bikanun gazanç edýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan habar berip, mesele gozgamaýarlar.
Häzir ýurtda galla oragy dowam etdirilýär. Şu ýyl ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Häkimiýetler bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilendigini tas her ýyl gaýtalaýarlar. Muňa garamazdan, ýurtda unuň we çöregiň gytçylygy ýyllarboýy saklanyp galýar.
Degişli maglumat Kakada ilat arz-şikaýat edip, gymmat çöregiň bahasyny arzanlatdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.