Aşgabatdan Moskwa uçar biletleriniň "näresmi" söwdasy gyzyşyp, biletleriň bahasy gymmatlaýar. Raýatlar biletleriň döwlet bahasynyň üstüne ýene şonça mukdarda para bermäge mejbur bolýarlar. Munuň bilen bir wagtda, “Türkmenistan” howaýollarynyň kassalarynda we websaýtlarynda bilet tas tapdyrmaýar.
“Häzir Aşgabatdan Moskwa uçar bilediniň resmi bahasy takmynan 250 dollara deň. Ýöne raýatlar bu biledi satyn almak üçin onuň üstüne ýene azyndan 250-300 dollar para bermeli bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Ýokary okuwa barýan ýedi talyp Aşgabadyň aeroportunda Russiýa goýberilmediHabarçymyz, şeýlelik bilen, türkmen howaýollarynyň Moskwa uçar biletleriniň nyrhlarynyň Russiýanyň “S7” kompaniýasynyň bu ugur boýunça biletleriniň bahasy bilen deňleşendigini aýdýar.
“S7-niň ekonom-klas üçin bir biledi takmynan 650 dollar bahalanýar. Ýöne bu biletler hem köplenç tapdyrmaýar. Kompaniýanyň biznes-klas biletleri 1 müň dollara golaýdan satylýar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Aşgabatdan Moskwa uçuşlary häzirki wagtda diňe “Türkmenistan” we "S7" awiakompaniýalary amala aşyrýarlar.
Habarçymyz türkmen howaýollarynyň uçar biletlerini ýokary bahadan hem satyn almagyň gaty kyndygyny, satuwda tas tapdyrmaýandygyny belleýär.
Onuň tassyklamagyna görä, kassalarda bilet satyn almak mümkinçiligi tas ýok. Biletleri diňe tanyş arkaly ýa-da para berip, alyp bolýar.
“Biletleri onlaýyn satyn almagyň göz öňünde tutulandygyna garamazdan, ondan iş ýüzünde peýdalanmak elýeterli däl. Olar belli bir usul bilen satuwa çykarylýar. Muny hemmeler bilýär” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Azatlyk 28-nji noýabrda “Türkmenistan” howaýollarynyň resmi websaýtyndan onlaýyn bilet satyn almaga çalyşdy. Ýöne saýtda bu ugur boýunça 28-nji noýabr bilen 16-njy dekabr aralygynda gözlenen biletlere “Hormatly ýolagçy siziň saýlan uçuş ugruňyz boýunça awiabilet tapylmady!” ýa-da “Ýer ýok” diýen netijeler görkezildi.
Häzirki wagtda, paýtagtyň bilet satylýan kassalarynda nobata durýan raýatlar birek-biregi bilen öz tejribelerini paýlaşýarlar. Olaryň käbiri Özbegistandan Moskwa uçmagyň has arzana düşýändigini aýdýar.
Degişli maglumat Aeroportdaky bilet kassalary uçar biletleriniň söwdasynda 'araçylardan peýdalanýar, para alýar'“Taksi ýa-da awtobus bilen Lebaba ýa-da Daşoguza gidip, ol ýerden Buhara ýa-da Ürgenje baryp, bu ýerden hem Moskwa uçmak has arzan düşýär. Ýöne bu şeýle köp güýç talap edýär. Sebäbi ýolagçy 24 sagatdan gowrak, käte 48 sagat ýolda bolmaly bolýar. Sebäbi hiç kime birinji sutkada Moskwa uçup biljekdigine kepil geçilmeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk türkmenistanlylaryň Özbegistanyň üsti bilen Russiýa, Hindistana, Türkiýä we beýleki ýurtlara gidip gelýändigi barada ençeme gezek maglumat berdi.
Emma şu ýylyň awgustynda Özbegistana we bu goňşy ýurduň üsti bilen başga ýurtlara syýahat edýän türkmen raýatlarynyň gury-ýer serhedinden geçmekde kynçylyk çekýändigi barada hem habarlar gelip gowuşdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Türkmenistan” awiakompaniýasyndan teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýa onuň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgisine yzygiderli jaň edip, habarlaşyp bilmedi.
Türkmenistanlylar Russiýa köplenç okamak, pul gazanmak we bejergi almak üçin gidýärler, olaryň arasynda hemişelik göçüp gidýänler hem bar.
Azatlyk Türkmenistandan Russiýa gitmek üçin uçar biletleriniň uly kynçylyklar bilen tapdyrýandygy, raýatlaryň bilediň döwlet bahasynyň üstüne para bermeli bolýandygy barada soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ençeme gezek maglumat berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.