Türkmenistanda VPN ulanyjylarynyň sany we gurnaýjylara edilýän basyş artýar. Internetiň yzygiderli petiklenmegi Türkmenistanda VPN hyzmatlaryna bolan islegi artdyrýarka, häkimiýetleriň ýöredýän gadaganlyklary we yzarlamalary ussalary gizlin işlemäge mejbur edýär we töwekgelçilikli ýagdaýa salýar.
VPN gurnaýjylary Aşgabatda ýene-de tussag edilýär, käbirleri 15 günlük azatlykdan mahrum edilýär. Habarçylaryň sözlerine görä, internetiň petiklenmeginden aýlanyp geçmek üçin mümkinçilik berýän hyzmatlary bilen üpjün edýän hünärmenleriň sany azalýar we olar gizlinlikde işleýär. Olaryň seresap bolmagyna garamazdan, howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri olaryň käbirini anyklamagy we tussag etmegi başarypdyr.
"3-nji oktýabrda tussag edilen ussa howpsuzlyk gulluklary tarapyndan hile bilen tutuldy. Ol polisiýa bölüminde saklanýar. Oňa 15 gün tussaglyk we 15 000 manat jerime berildi" - diýip, adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürrüň beren çeşmeleriň biri aýtdy.
Degişli maglumat Maglumat boşlugyndaky durmuş. Internetiň petiklenmegi dowam edýärAzatlyk Radiosy, çeşmeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin tussag edilen ussanyň adyny we tussag edilişiniň beýleki jikme-jikliklerini çap etmekden saklanýarlar.
Bu aralykda, blokirlemeden aýlanyp geçmäge mümkinçilik berýän VPN-leriň meşhurlygy ýurtda artýar. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine, şol sanda jübi telefonlaryna isleg hem köpelýär.
"Resmi işleýän dükanlarda müşderilere dürli telefonlar hödürlenýär. Mysal üçin, iPhone 20 müň manada satylýar we adamlar olary satyn alýarlar" - diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi kursy boýunça 20 müň manat 5700 ABŞ dollaryndan gowrak bolýar. Gymmat bahaly aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak, olaryň işlemegi üçin aragatnaşyk şertleriniň bolmagyna hem zerurlyk döredýär. Interneti berk çäklendirýän ýurtda, VPN hyzmatlary internete päsgelçiliksiz girmek üçin ýeke-täk mümkinçilik berýär.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ulanyjylaryň sözlerine görä, ýurtda işleýän ýeke-täk IMO mesenjerinden peýdalanmak üçin hem köpçülik Android programmasynda işleýän telefonlary ulanmaly bolýar, sebäbi iPhon üçin ýene-de VPN gerek bolýar.
Ýurduň häkimiýetleri ilatyň interneti ulanyşyna doly gözegçilik etmäge synanyşýar. Howpsuzlyk gulluklary, petiklenen VPN ulgamlaryna girmek üçin hyzmatlary üpjün edýän hünärmenleri yzygiderli tussag edýär.
VPN hyzmatlaryny gurup berýän ussalaryň yzarlanmagy bilen birlikde, VPN ulanyjylary hem basyş astynda galýar. Döwlet işgärleriniň we okuwçylarynyň jübi telefonlaryny barlamak ýaly yzygiderli geçirilýän çärelerden daşary ýokary okuw jaýlarynda mugallymlardan VPN ulanmajakdyklary we sosial ulgam sahypalaryna girmejekdikleri barada dilhaty alynýar.
Degişli maglumat 'IMO-da işlemeýär'. Türkmenistanda internete girmek kynçylygy dowam edýärBasyşa garamazdan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösüşi maglumatyň petiklenmeginden aýlanyp geçmek boýunça mümkinçiliklere-de öz täsirini ýetirdi.
Habarçylar ýerli hünärmenleriň käbir petiklenen VPN ulgamlarynyň bloklaryny aýyrmagyň usullaryny öwrenýändigini aýdýarlar.
Türkmenistan halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we internet azatlygy sanawlarynda ýyl-ýyldan iň pes orunlarda durýar. 2022-nji ýylda dünýäniň iň haýal we iň gymmat interneti bolan ýurtlaryň biri bolmagynda galýan Türkmenistan, interneti iň köp bloklaýan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi.
Türkmenistanda garaşsyz neşirleriň web sahypalary, şeýle hem Facebook, Instagram, Twitter we YouTube ýaly esasy sosial ulgamlar ençeme ýyl bäri petikli saklanýar. Şu ýylyň aprel aýynda ýurtda ICQ mesenjeri hem petiklendi.
Munuň bilen birlikde ýurduň häkimiýetleri global internete birikdirilmedik Milli Sanly Tory ösdürmek baradaky ägirt uly meýilnamalaryny hem öňe sürýärler. Geçen ýylyň dekabrynda ýurduň prezidenti Milli sanly tory döretmek konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça işçi toparyň düzümini tassyklady.
Degişli maglumat Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.