Aşgabadyň ençeme sebitinde jemgyýetçilik transport serişdeleriniň gatnawy ýaramazlaşdy. Ýaşaýjylar Remezan aýynyň dowam edýän günlerinde, munuň özleriniň durmuşyna juda oňaýsyz täsir edýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji martda paýtagtdan maglumat berdi.
“Soňky günlerde paýtagtyň awtobus duralgalarynda üýşüp durýan ýolagçylaryň sany juda artdy” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Hususan-da, şäheriň “Teke bazar”, “Awtokombinat” duralgalarynda, Görogly köçesi bilen Alyşir Nowaýy köçesiniň çatrygyndaky duralgalarda tutuş günüň dowamynda 40-50 töweregi adamyň üýşüp durandygyny görse bolýar.
Degişli maglumat Türkmenabatda 'saklanan' awtobuslaryň ýolagçylara 'gowuşmagyna' garaşylýarDuralgalarda ýolagçylaryň üýşmegine jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawynyň seýrekleşmegi sebäp bolýar.
“Bularyň arasynda 2, 3, 13, 28, 46 we başga-da ençeme belgili awtobuslar bar. Bu awtobuslar bellenilen wagtda duralga gelmeýärler. Olaryň 20-25 minut giç gelmegi ýaly wakalar köp bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Paýtagtlylaryň ençemesi Remezan aýynda dörän bu transport bökdençligine nägilelik bildirýär.
“Adamlar işden çykyp, öz wagtynda öýlerine barmaga, çagalaryna agşamlyk taýýarlamaga, oraza tutýanlar wagtynda agyz açmaga howlugýar. Emma awtobuslaryň giç gelmegi, adamlaryň bu planlaryny puja çykarýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Ýolagçylar awtobuslaryň örän pes tizlikde dolandyrylmagyndan hem nägile bolýarlar. Sürüjiler munuň sebäbini awtobuslaryň tehniki üpjünçilik ýagdaýynyň gowşakdygy bilen düşündirýärler.
“Sürüjiler 50-60 tizlikde sürüp bolýan ýerlerde-de, awtobuslary 30-40 tizlikde dolandyrýarlar. Ýolagçylar sürüjilerden tizligi artdyrmagy soraýarlar. Sürüjiler awtobusyň tehniki näsazlygynyň bardygyny aýdyp, tizligi artdyryp bilmejekdigini düşündirmäge çalyşýarlar. Bu jogap, ýolagçylaryň köpüsiniň sabyr käsesiniň dolmagyna getirýär. Käbir ýolagçylar duralga ýetende, awtobusdan düşüp, taksä münýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Paýtagtlylaryň ençemesi bu problemalar barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ýerli edarasyna edýän şikaýatlarynyň oňyn netije bermeýändigini hem aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenabatda jemgyýetçilik transportynyň amatsyzlyklary ýerli ýaşaýjylaryň gatnawyny kynlaşdyrýarAzatlyga bu barada agentlikden we onuň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyndan teswir almak başartmady.
Kärhananyň resmi websaýtynda aýdylmagyna görä, häzirki wagtda Aşgabatda şäheriçi ugurlaryň 160 sanysy hereket edýär.
Websaýtda 19-njy martda çap edilen habarda 21-22-nji martda aşgabatlylary Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasyna gatnatjak 72-lik belgili täze awtobus ugrunyň ýola goýlandygy bellenilýär. Ýöne onda paýtagtlylaryň ençeme şäheriçi ugry boýunça ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleri barada hiç zat aýdylmaýar.
Soňky onýyllygyň dowamynda türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kärhanalary tarapyndan öndürilen awtobuslaryň ýüzlerçesiniň satyn alnandygyny ençeme gezek habar berdiler. Olar bularyň ilatyň transport mümkinçiligini has-da gowulandyrjakdygyny hem belläp gelýärler.
Muňa garamazdan, ýurtda jemgyýetçilik transport serişdeleriniň gatnawy ýyllarboýy ýaramaz bolmagynda galýar.
Bu ýagdaý, hususan-da, ýurduň welaýatlarynda ýiti problema bolup, ýolagçylar köplenç hususy awtobuslaryň we taksileriň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mejbur bolýarlar.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy ilatyň transport problemalary barada maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.