Aşgabadyň orta mekdepleriniň tas ählisinde ýakynda belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli okuwçy oglanlardan pul toplanýar. Ene-atalaryň ençemesi bu puluň gereksiz çykdajydygyny aýdyp, nobatdaky pul toplamak çäresine nägilelik bildirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy fewralda paýtagtdan maglumat berdi.
“Şu günler mekdep ýolbaşçylary kiçi synplarda okaýan oglanlaryň her birinden 50 manat, uly synplarda okaýan oglanlardan 100 manat möçberinde pul toplaýarlar” diýip, aşgabatly bir ene anonim şertde gürrüň berdi.
Mekdep ýolbaşçylary toplanýan pullara okuwçy gyzlara we zenan mugallymlara sowgatlaryň satyn alynjakdygyny we munuň olara 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününde gowşuryljakdygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Aşgabadyň çagalar baglary Halkara zenanlar gününe tas iki aý öňünden taýýarlyk görüp başlady"Her mekdepde dürli-dürli sowgatlaryň alynjakdygy aýdylýar" diýip, aşgabatly ene belledi.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi mekdeplerde we edara-kärhanalarda yzygiderli pul ýygnalýandygyny, bularyň öz maşgala býujetine barha köp agram salýandygyny aýdýar.
“Mekdep ýolbaşçylary okuwçy oglanyň maşgalasynyň maddy ýagdaýyny nazara almaýarlar. Olar hemmeler gyradeň bermeli diýýärler. Häzir agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda, gündelik iýjek çöregini zordan tapýan hojalyklar sanardan kän. Şol sebäpli bu puly çagasyna tapyp berip bilmeýän maşgalalar köp. Bu ýagdaý, köp oglanyň öz deň-duşlarynyň arasynda kemsinmegine getirýär. Üstesine-de, bu zerur bolmadyk, gereksiz çykdajy. Sebäbi aýal-gyzlara, şol sanda okuwçy gyzlara döwlet tarapyndan 60 manat pul sowgady berilýär ahyryn” diýip, aşgabatly ene belledi.
Habarçymyz pul serişdesiniň diňe mekdepleriň däl, eýse orta hünär mekdepleriniň okuwçy oglanlaryndan hem ýygnalýandygyny aýdýar. Bu mekdeplerde ýygnalýan puluň möçberi 100 manatdan 200 manada çenli ýetýär.
Azatlyk okuwçylardan ýygnalýan bu pul serişdesi we onuň ene-atalara ýetirýän täsirleri barada ýerli bilim resmilerinden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde we edara-kärhanalarynda okuwçylardan we býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin yzygiderli pul ýygnalýar. Pul serişdesini bermedik işgärlere işden çykarylmak haýbaty atylýar, okuwçylar klasdaşlarynyň arasynda kemsidilip, synaglarda pes bahalaryň goýulmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Bu aralykda, aýal-gyzlaryň ençemesi prezidentiň adyndan berilýän pul sowgadynyň mukdarynyň alty ýyl bäri şol bir möçberde saklanýandygyny, oňa hatda bir sany atyr hem satyn alyp bolmaýandygyny aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenistanda aýal-gyzlara ‘prezidentiň adyndan’ $3 dollar ‘sowgat’ berilýär“Manat yzygiderli hümmetsizlenýär we harytlar hem gymmatlaýar. Häzir hoş ysly bir atyryň bahasy 150 manatdan başlanýar. Aýal-gyzlar bu pula begenjeginem ýa-da gynanjagynam bilmeýärler. Aýal-gyzlaryň köpüsi bu puly maňlaýyna sylyp almaly bolýandygyny aýdyp, gülkünç hala düşürilip, mertebeleriniň depelenýändigini aýdýar” diýip, paýtagtly bir zenan anonim şertde gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, aýal-gyzlaryň ýene bir bölegi sowgadyň mukdarynyň ujypsyzdygyny, ýöne pes girdejili maşgalalaryň hatda bu pula hem mätäçdigini aýdýar.
Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl aýal-gyzlara prezidentiň adyndan pul sowgady gowşurylýar. Bu tejribe soňky 20 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl hem 8-nji martda aýal-gyzlaryň belli bir bölegine 60 manat pul sowgatlaryny bermegi buýurdy. 23-nji fewraldaky karara laýyklykda, bu serişdeler 1-6-njy mart aralygynda gowşurylar. Türkmenistanda dollaryň iki bahasy bolup, sowgat beriljek 60 manat döwlet kursunda 17 dollardan gowrak, gara bazar bahasynda 3 dollara golaý serişde bolýar.
Bu sowgat, öňki ýyllaryň tejribelerine laýyklykda, öý hojalykçy aýal-gyzlara, mekdepde okamaýan, çagalar bagyna gatnamaýan gyzlara, şeýle-de hususy kärhanalarda işleýän zenanlara berilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.