15-nji maý Aşgabatda örän ýagyşly boldy. Daňdan başlanan ýagyn günüň dowamynda gaýtalandy. Suw-sil köçeleri basdy. Azatlygyň habarçylary ýagyşyň paýtagtyň durmuşyna ýetiren täsirleri barada habar berýärler.
Suw-sil bolup gelen güýçli ýagyn paýtagtda daňdan başlandy. Habarçylar ony tropiki ýagyşa meňzetdiler.
"Ir sagat 6-da Aşgabada tropiki ýagyş topuldy. Ençeme ýyllap şeýle ýagyny görmändim. Ýollarda suw derýa bolup akýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 15-nji maýda günortan habar berdi.
Bir-iki sagatdan soň köçelerdäki suw biraz çekilip, gurap başlady. Emma öýlän ýene-de ýagyş ýagdy.
Degişli maglumat Marylylar güýçli ýagynyň ýetiren zyýanyna garşy özbaşdak göreşmeli bolýar"Bu gezek bahar örän täsin boldy" diýip, habarçymyz belledi.
Bu aralykda ýene bir habarçymyz Ak Bugdaý (öňki Änew) şäherini suw alyp başlandygyny habar berdi. Ahal welaýatyna degişli Ak bugdaý Aşgabadyň golaýynda ýerleşýär.
Öýlän gelen bu habara görä, sil Köpetdag tarapdan gelýär.
Soňky günlerde güýçli ýagyşlar Türkmenistanyň ähli künjeklerinde dowam edýär. 14-nji maýda Maryda ýagyn zerarly, Tagtabazaryň golaýynda demirýoluň bir bölegi opuryldy.
Döwlet habar beriş serişdelerinde bu tebigy hadysa barada habar we duýduryş çap edilmedi. Türkmen häkimiýetleri ýagmyryň ýetiren täsirleri barada dymmagyny dowam etdirýärler.
Ýagyn paýtagta we onuň töweregine tasir ýetirdi.
Büzmeýin bilen Gökdepe aralygynda güýçli çagba sebäpli ýollary suw aldy.
Habarçymyz ýollaryň gyralarynda ýagyş suwunyň akyp gitmegi üçin ýörite akabalaryň ýoklugy sebäpli uly mukdarda suwuň üýşendigini gürrüň berdi. Netijede ulaglaryň ençemesi köl bolup duran ýoluň ortasynda durup galypdyr, suw awtoulaglaryň elektrik enjamlarynyň sandan çykmagyna we ulaglaryň hereketsiz galmagyna getiripdir.
"Sürüjiler ulaglaryň içinde köwşüni çykaryp, balagyny dyzyna çenli çermäp, daşa çykmaly boldular. Şeýdip, ulagyny taşlap gidýän ýa-da yzyndan itip ýören sürüjileri görmek bolýardy" diýip, başga bir habarçymyz öz görenlerini 15-nji maýda habar berdi.
Aşgabatdan ugradylan suratlarda köşelerde sil bolup akýan suwy we seýilbaglardaky agaçlaryň ýarym metre çenli suwda durandygyny görmek mümkin.
10-njy maýda paýtagtyň demirgazyk böleginde Çoganlyda ýagyş bilen garyşykly buz hem ýagdy. Şonda howada peýda bolan buzuň ululygy 4-5 santimetre ýetdi we onuň ýagmagynyň netijesinde awtoulaglaryň daşky görnüşine we aýnalaryna dürli zyýan ýetdi.
Habarçylar orally ýyllaryň ýagdaýlaryny ýatlap, bu gezek ýagmyr bilen bilelkde siliň gelmändigine ünsi çekýärler we dag tarapdan gelýän sil suwlarynyň indi Aşgabadyň daşynda 2022-nji ýylda gurlan sil suwlaryny ýygnamak üçin desgada ýygnanýandygy belleýärler.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Ýatlatsak, 2018-nji ýylyň maý aýynda güýçli ýagyş zerarly türkmen paýtagtynyň merkezini suw alypdy.
Azatlygyň habarçylary şonda ýaşaýyş jaýlaryň, edara jaýlarynyň ençemesiniň we söwda merkezleriniň aşaky gatlarynyň we ýerzeminleriniň suwdan dolup, uly maddy zyýan çekenleriň köp bolandygyny habar beripdi.
Paýtagtda ýagyşyň netijelerini aradan aýyrmak, köçeleri arassalamak boýunça guramaçylykly işler geçirilmeli bolupdy. Bu işlere kommunal hojalyklaryň işgärleri bilen bilelikde býujet işgärleri hem çekilipdi.
Ondan öň 2017-nji ýylyň awgust aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Ahal we Balkan welaýatlarynyň ençeme etraby sil zerarly weýran bolupdy. Azatlyk Radiosynyň tassykladyp bilen maglumatlaryna görä, şonda 30 çemesi adam heläk bolupdy. Mallaryň müňlerçesi gyrylyp, elektrik we gaz üpjünçilik sistemasy sandan çykypdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.