Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň daşky gurşawa ýetirýän täsirlerine bagyşlanan ylmy maslahat geçirilýär, onuň esasy maksady uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we zyňyndylaryň daşky gurşawa ýaýramagyny azaltmak bolar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
“Turkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen milli energiýa kompaniýalarynyň gurnan maslahatyna 20 ýurtdan 800-den gowrak wekiliýet toplandy.
Bu habar Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyndan howa goýberilýän metan zyňyndylarynyň howa ýetirip biljek täsirleri barada çykýan habarlaryň gürelen wagtyna gabat geldi. Emma türkmen metbugaty bu maglumatlary çap etmeýär we hökümetiň daşky gurşaw meselelerine, hususan-da metanyň we onuň bilen baglanyşykly gaz zyňyndylarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berýändigini nygtaýar.
Habarda bellenmegine görä, bu hili maslahat her ýylda geçirilýär.
Oňa CNPC, BP, “Exxon Mobil”, “Petronas”, ADNOC, “Mitro International”, “Buried Hill”, NAPECO, “Dragon Oil”, ENI we “Lukoil” ýaly halkara kompaniýalarynyň wekilleriniň, Halkara Energetika Guramasy (IRENA), Global Gaz Merkezi, Gaz eksport edýän ýurtlar forumy, Nebit inženerler jemgyýeti, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty ýaly halkara nebit we gaz guramalarynyň gatnaşjakdygy habar berildi.
Degişli maglumat Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildi