Türkmen galla önümleri kärhanasynyň Aşgabadyň Teke bazarynyň golaýyndaky dükanynda arzan çörek satyn almak üçin nobata duran adamlaryň arasynda basa-baslyk döredi. Basa-baslyk dükanyň aýnasynyň döwülmegi we çöregiň satuwynyň bir sagat çemesi togtadylmagy bilen tamamlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy fewralda paýtagtdan maglumat berdi.
“Waka 8-nji fewralda irden sagat 10 töwereginde boldy. Nobata duran adamlaryň aşa köplügi zerarly, öňdäkiler soňky gelen tanyşlaryny binobat geçirip başladylar. Bu bolsa, nobata duranlarda gahar-gazap döretdi. Her kim öňe tarap süýşüp, biri-birini itip başlady. Netijede, basa-baslyk döredi” diýip, waka şaýat bolan aşgabatly alyjy anonim şertde gürrüň berdi.
Degişli maglumat Marylylara üç, lebaplylara iki aý bäri paýlanmaýan un bazarlarda “aç-açan satylýar”Basa-baslykda dükanyň aýnasy hem döwüldi. Ýöne bu ýagdaý hem, alyjylaryň birek-biregini itip, öňe tarap süýşmeginiň öňüni alyp bilmedi.
“Dükan satyjylary basa-baslygy togtatmak üçin çöregiň satuwyny bes etdiler we alyjylaryň hemmesini dükandan kowup çykardylar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Alyjylaryň köpüsi dükanyň daşynda garaşdy we aradan bir sagat geçensoň, satyjylar dükanyň gapysyny açdylar we arzan çöregi gaýtadan satyp başladylar.
Azatlyk waka barada agzalýan kärhanadan we dükan resmilerinden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli dükanlardan tapawutlylykda, Türkmen galla önümleri kärhanasynyň dükanynda ilata ýeňillikli bahadan çörek iş gününiň başyndan öýlän sagat 1-e çenli aralykda satylýar.
“Kärhananyň howlusynda ýerleşýän dükanyň gapdalynda dört sany tamdyr bar. Şol tamdyrda bişirilen çöreklerden her adama her biri 1 manatdan iki sany çörek satylýar. Aýtmaklaryna görä, günüň dowamynda 50 kilogramdan 10 halta un gelýär we bu hem öýläne çenli bişirmäge ýetýär. Şondan soň arzan çörek satylmaýar” diýip, habarçymyz belledi.
Ol dükandaky galan çörek önümleriniň bazar bahasyndan satylýandygyny we olary günüň islendik wagtynda baryp, nobatsyz satyn alsa bolýandygyny hem aýtdy.
Degişli maglumat Aşgabadyň polisiýasy ýaşaýjylaryň satyn alan çöreklerini sanaýar“Ykdysady kynçylyklar zerarly gurpdan düşen köp hojalyk arzan bahadan satylýan çöregi satyn almaga ýykgyn etmegini dowam etdirýär” diýip, habarçymyz belledi.
Soňky alty ýyl çemesi wagt bäri Türkmenistanyň döwlete degişli azyk dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanýan azyk önümleriniň üpjünçiligi pes bolmagynda galýar. Bu ýagdaý soňky aýlarda has-da ýitileşdi. Dükanlara iberilýän çäkli möçberdäki azyk alyjylaryň ählisine ýetmeýär. Dükanlaryň öňündäki nobatlarda basa-baslyklar wagtal-wagtal ýüze çykýar.
Häkimiýetler azyk üpjünçiligi bilen bagly problemalary aç-açan boýun alyp, çözmäge çalyşmagyň deregine azyk nobatlaryna gözegçiligi güýçlendirýärler.
7-nji fewralda Aşgabatdaky habarçylarymyz döwlet dükanlarynda çörek satylan wagtynda polisiýa işgärleriniň nobatlaryň daşynda aýlanýandygyny we alyjylaryň ellerindäki çöregi sanaýandygyny habar berdiler.
Ýylda 1,5 million tonna golaý bugdaý hasylyny alýandygyny öňe sürýän Türkmenistanda häkimiýetler we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan maglumat bermän gelýärler.
Degişli maglumat Aşgabadyň polisiýasy çetki obalardan çörek satyn almaga gelen raýatlary gözleýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.