Ýaňy-ýakynda, tomsuň jöwzaly yssysynda ‘Aşgabat’ seýilgähinde geçirilen bir mejbury köpçülik çäresinde diňe huşuny ýitiren talyp gyzlara dükanlardan sowuk satyn alnyp berildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy iýulda maglumat berdi.
Paýtagt Aşgabatda ýerleşýän “Aşgabat” seýilgähinde 8-nji iýulda ‘medeniýet çäresi’ atlandyrylan mejbury bir köpçülik çäresi geçirildi. Bu ýygnanyşyga talyp ýaşlar hem mejbury çekildi.
Asyl maksady hatda gatnaşyjylaryň-da köpüsine mälim bolmadyk näbelli çäre resmi taýdan irden sagat 10-da başlap, dört sagat dowam etdi we öýlän sagat 14:00-da tamamlandy. Medeniýet çäresinde aýdymçylar aýdym aýtdy, tans toparlary tans etdi. Bu dabara mejbury çekilen talyp ýaşlar sahnanyň töwereginde tomaşaçynyň keşbini döretmäge mejbur edildi.
Türkmenistanda medeniýet çäreleri atlandyrylýan mejbury köpçülik çäreleri yzygiderli geçirilýär, çärelerde köplenç döwlet telewideniýesine niýetläp, ýazgy edilýär. Býujet işgärleri, talyp ýaşlar hatda mekdep okuwçylary şeýle ýygnanyşyklara ýygy-ýygydan çekilýär.
‘Aşgabat’ seýilgähinde geçen çäräniň guramaçylygy häkimiýetler tarapyndan, adat bolşy ýaly, ýokary gözegçilikde alnyp baryldy.
“Talyplary bellenen tertipde oturtmaklyk we olaryň köpüsini sahnanyň daş töwereginde dik aýak üstünde durýan tomaşaçy hökmünde düzmek işleri irden sagat 6-da başlandy” diýip, bir gatnaşyjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Balkanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, köçeler ýapyldyŞeýle-de, bir gün öňünden çärä gatnaşyjylara degişli duýduryşlar berlip, çäräniň dowamynda iýgi-içginiň gadagan edilýändigi, talyplaryň öz ýanlary bilen seýilgähe diňe 0,5 litrlik gaplarda suw eltmäge rugsat berilýändigi aýdylypdyr.
“Sagat 8:00-e çenli aýak ýoluna, hajathanalara gitmäge rugsat berildi. Ýöne sekizden soňra, tebigy hajatlara-da rugsat berilmedi” diýip, talyp gyz gürrüň berýär.
Aýdym-sazly çykyşlara badalga berilmeginiň yz ýany, Gün dik asmana göterilip, onuň “tylla tyglary” gatnaşyjylary rahatsyz edip başlaýar. Bu aralykda, howa gyzýar, termometrler 40 gradusy görkezýär.
Ýaşlar çapak çalyp, tomsuň jöwzasynda mejbury çykyşlara tomaşa etmäge mejbur edilýär.
“Adamlaryň kellelerinden gün geçip, esasan gyzlardan ybarat 10-a golaý talybyň ýürekleri bulaşyp, gaýtaryp başlady. Adamlaryň öz ýanlary bilen medeniýet çäresine elten sowuk suwlary gyzyp, olardan dodaklar çatlamaz ýaly, diňe agyzlary öllemek üçin peýdalanyldy. Diňe huşuny ýitiren talyp gyzlara dükanlardan sowuk suw satyn almaga rugsat berildi” diýip, bir gatnaşyjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda tomus aýlarynda dynç alyş möwsümi yglan edilýär. Ýöne býujet işgärleri we talyplar wagtal-wagtal dynç alyş möwsüminde hem mejbury çärelere çekilip bilinýärler.
Degişli maglumat Maryda nobatdaky mejbury çärä gatnaşyjylar günüň aşagynda ençeme sagatlap el çarpmaly boldularAzatlyk Radiosynyň habarçylary, mundan ozal, iýun aýynyň başlarynda ýurduň dürli sebitlerinde geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişlere mejbury çekilen esasan ýaşlardan ybarart býujet işgärleriniň hem çäräniň dowamynda saglyk problemalaryny başdan geçirendiklerini habar berdi. Şonda Mary welaýatynda geçirilen tigirli ýörişlere gatnaşyjylaryň käbirleriniň burny ganady.
Welosipedli ýörişlerde hem huşuny ýitiren ýaşlar bolupdy.
“Tiz kömek işgärleri olaryň burunlaryna bir ýakymsyz ys ysgadyp, huşuna getirdi. Soňra bize haýaljak sürüp, dem-dynç almaga rugsat berdiler” diýip, şonda saglyk problemalaryny başdan geçiren bir býujet işgäri gürrüň beripdi.
Bu iki çäreden hem mälim bolşy ýaly, mejbury çärelerde huşuny ýitirýän adamlara häkimiýetler tarapyndan “egilişik” edilip, birinji hadysada tigirli ýörişe gatnaşyjylara welosipedlerini haýaljak sürüp, dem-dynç almaga rugsat berdiler, ikinji çärede bolsa, huşuny ýitiren talyplara dükanlardan sowuk suw satyn alnyp berildi.
Azatlyk Radiosy Aşgabat seýilgähinde geçirilen mejbury çärede gaýtaryp, huşuny ýitiren talyplar barada bilim resmilerinden teswir alyp bilmeýär.
“Aşgabat” seýilgähi paýtagtyň iň taryhy we möhüm seýilgähleriniň biri bolup, wagtal-wagtal köpçülik çäreleriniň geçirilýän meýdançasy hökmünde ulanylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.