Dünýäniň iň erbet metan syzdyryjysy hökmünde tanalan Türkmenistan özüniň kosmosdan görnen ägirt uly metan syzmalarynyň öňüni almak tagallasyny edýär diýip, “Yahoo!news” ýazýar. Türkmenistanyň metan syzdyrmalary kosmosdan owalda-ahyrda görlen iň uly metan zyhyndylary hasaplanýar.
Türkmenistan dünýäde howany iň ýokary derejede hapalajylaryň sanawyna girmeýär, bu ýurduň howa goýberýän zyýanly galyndylary dünýäde howa goýberilýän hapanyň umumy mukdarynyň 1% -inden hem az bölegini tutýar. Ýöne Aşgabat soňky döwürde özüniň nebit-gaz pudagyndan howa goýberýän metan gazynyň mukdary bilen “belli boldy”.
Bu ýagdaý türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öz ýurdundaky metan syzmalaryny azaltmak boýunça “ýol kartasyny” tassyklamagyna we degişli halkara guramalary bilen has ýakyndan işleşip başlamagyna alyp geldi.
Şeýle-de, habarda Türkmenistanyň öz üstüne metan boýunça global borçnama alan 150 ýurda goşulmakçy bolýandygy bellenýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildiGlobal metan borçnamasyna goşulan ýurtlaryň resmileri dünýä boýunça metan syzmalaryny 2030-nji ýyla çenli 2020-nji ýyldaky derejesi bilen deňeşdirilende azyndan 30% azaltmak ugrunda bilelikde, topar bolup işlemek wadasyny berdiler.
Eger-de resmileriň beren wadalary ýerine ýetirilse, bu planeta üçin uly ýeňiş bolar, sebäbi metan syzmalary häzirki wagtda, “Guardian” neşiriniň maglumatyna görä, dünýäniň aşa gyzmagyndaky sebäpleriň dörtden birini düzýär.
“Yglan edilen habarlardan soň zyňyndylary azaltmak boýunça hakyky iş başlanýar” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Metan zyňyndylaryna gözegçilik gullugynyň başlygy Manfredi Kaltagirone “Guardian” gazetine Türkmenistanyň tutumlary barada beren gürrüňinde aýtdy.
Şeýle-de ol bu ýurduň metan syzmalaryna yzygiderli gözegçilik etmeginiň we netijeler barada aç-açan hasabat bermeginiň zerur boljakdygyny nygtady.
“Guardian” Türkmenistanyň 2022-nji ýylda dünýäde iň uly “metan syzdyryjy” bolandygyny belleýär.