Soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda Aşgabadyň iň gelim-gidimli bazarlarynyň biri bolan Teke bazarda şu günler alyjylaryň sany göz-görtele azaldy. Telekeçiler munuň sebäbini ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagy bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Aşgabadyň alyjylar tarapyndan iň meşhur bazarlarynyň biri bolan Teke bazary häzirki wagtda adamlaryň örän seýrek barýan ýerine öwrüldi. Öňler öýlän sagat 12 töwereginde bazaryň içi adamdan hyryn-dykyn doly bolýardy. Häzirki wagtda bazaryň içi tas boşap dur” diýip, habarçymyz aýtdy.
Bazara aýlanyp gören habarçymyzyň sözlerine görä, bazaryň onlarça söwda tekjesinden düzülen bäşden gowrak uzyn hatarlarynyň her birinde iň köp üç ýa-da dört alyjyny görse bolýar.
Degişli maglumat Lebabyň bazarlarynda alyjydan satyjy känHatarlaryň käbirinde bolsa, alyjy asla göze ilmeýär. Şeýle-de, alyjylaryň tas ýoklugy we söwdanyň hem tas ýöremeýändigi sebäpli satyjylaryň birek-biregi bilen gürrüňdeş bolýan pursatlaryny synlasa bolýar.
Azatlyk esasan azyk önümleri satylýan bazarda ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagy we onuň sebäpleri barada bazar administrasiýasyndan, ýerli söwda resmilerinden kommentariý alyp bilmedi.
Ýöne satyjylaryň we telekeçileriň ençemesi munuň sebäbini ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagynyň arasynda, ilatyň güzeran eklenjiniň ýaramazlaşmagy we satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagy bilen düşündirýärler.
“Her aýyň başynda, ýagny raýatlaryň zähmet haklaryny alýan wagtynda, söwda birneme ganymat bolýar. Ýöne bu ýagdaý köpünden dört-bäş gün dowam edýär. Şondan soňra alyjylaryň sany ýene göz-görtele azalyp başlaýar. Bazara gelýän adamlar azyk harytlarynyň nyrhyny soraýarlar, ýöne olardan satyn alman, geçip gidýärler. Satyjylaryň köpüsi olara ‘gel, alsaň oňşup bereýin’ diýip seslenýär. Ýöne potensial satyjy ‘pulum az’ diýip, ýöremek bilen bolýar” diýip, bazardaky telekeçileriň biri gürrüň berdi.
Habarçymyz söwdanyň pesligi sebäpli köp telekeçiniň söwda tekjesiniň kärendesini goýbolsun edip, öz telekeçilik işini bes edýändigini hem belleýär.
“Muňa boş duran söwda tekjeleri hem şaýatlyk edýär. Bazaryň dürli böleginde söwda tekjeleriniň onlarçasynyň boşap durandygyny, olaryň hiç kim tarapyndan kärendesine alynmandygyny görse bolýar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Degişli maglumat TH: ‘Gul bazary’ köp raýat üçin gazanç etmegiň ýeke-täk çeşmesi bolup durýarHabarçymyz bazardaky azyk önümleriniň käbirleriniň bahalary barada hem maglumat berdi:
- 1 litrlik gaplanan ösümlik ýagy 18 manat,
- 1 kg tüwi 15-20 manat,
- 1 kg greçka 14 manat,
- 1 kg nar 14 manat,
- 1 kg towuk budy 16 manat,
- 1 kg ýeralma 6 manat 80 teňňe,
- 1 kg sogan 3 manat 80 teňňe,
- 1 kg birinji sort ýerli un 5 manat 70 teňňe,
- 1 kg ýokary hilli ýerli un 6 manat 20 teňňe,
- 1 kg daşary ýurt uny 8 manat,
- 1 kg pomidor 3 manat 80 teňňe,
- 1 kg üwelen et 60 manat (Içine kelle-baş aýagyň etinden hem goşulýar, alyjylar ysyndan şikaýat edýärler),
- 1 kg sygyr eti 60 manat,
- 1 kg goýun eti 45 manat,
- 1 kg kelem 5 manat bahalanýar.
Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary bazarlarda alyjylaryň göz-görtele azalýandygy barada soňky üç ýyl çemesi wagt bäri habar berip gelýärler. Ýöne olar soňky alty aý gowrak wagt bäri ýagdaýyň has-da ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.
Bu wakalar, bazarlardan tapawutlylykda, döwlet dükanlarynda nobatlaryň yzynyň üzülmeýän, esasan un we çöregiň üstünde basa-baslyklaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýan mahalyna gabat gelýär.
Türkmen häkimiýetleri zähmet haklarynyň her ýyl 10% köpeldilýändigini we bu karara ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekilýändigini aýdýarlar. Ýöne resmiler her ýyl durmuşyň, harytlaryň näçe gymmatlandygy, manadyň hümmeti we infilýasiýanyň derejesi baradaky anyk maglumatlary aýtmaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.