Aşgabadyň käbir ýaşaýyş toplumlarynda hususy jaýlaryň çäginde açylan hususy dükanlar köpçülikleýin häsiýetde ýapylyp başlandy. Häkimiýetler söwdanyň bu görnüşiniň bikanundygyny aýdyp, ýaşaýjylara dükanlary açmagy gadagan edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji martda paýtagtdan maglumat berdi.
“Bagtyýarlyk etrabynyň Şor we Garadamak ýaşaýyş toplumlarynda hususy jaýlaryň bir otagyndan köçä açylýan gapy ýa-da äpişge goýlup, açylan hususy dükanlaryň tas ählisi ýapyldy. Olardan dükan gapylaryny we äpişgelerini kerpiç örüp, ýa-da beton guýup ýapmaklyk talap edildi” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Habarçymyz hususy jaýynyň çäginde dükan açan ýaşaýjylara dürli-dürli möçberde jerimäniň salnandygyny aýtdy, ýöne ol bularyň anyk mukdaryny häzirlikçe anyklap bilmedi.
Degişli maglumat Maryda awtoulag şaýlaryny satýan hususy dükanlar köpçülikleýin ýapyldyBu işleri amal eden etrap häkimliginiň we polisiýasynyň işgärleri ýaşaýjylara hususy jaýlaryň çäginde dükan açmagyň we onda söwda etmegiň bikanundygyny aýdýarlar.
Býurokratiki bökdençlikler we “para-berim”
“Olar dükan eýelerine “siz dükan açmak we söwda etmek üçin ýörite rugsatnama almaly, arassaçylyk gullugynyň barlagyndan geçmeli we döwlete salgyt tölemeli” diýdiler” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýene bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, hususy jaýlaryň çäginde hereket eden bu dükanlaryň eýeleri rugsatnamasyz işleýärler, söwdany nagt görnüşinde alyp barýarlar we döwlete salgyt tölemeýärler.
Şol bir wagtda, dükan eýeleriniň birnäçesi dükan açmak üçin rugsatnama almagyň juda çylşyrymlydygyny, özleriniň býurokratiki bökdençlikler we “para-berim” bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýar.
“Rugsatnamany almak üçin degişli häkimiýetlere uly möçberde para bermeli bolýar. Ýöne biziň bu möçberdäki parany bermäge ýagdaýymyz ýok. Başga iş ýoklugy zerarly güzeran eklemek üçin şeýle ownuk söwda bilen meşgullanmaly bolýarys” diýip, hususy jaýynyň çäginde dükan açan ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Aşgabat şäher häkimligindäki bir çeşmämiziň tassyklamagyna görä, dükanlary ýapmak barada “ýokardan” buýruk berildi we muny gyssagly ýerine ýetirmek talap edildi.
Ilata ýetiren täsirleri
“Ýokardaky ýolbaşçylar buýrugyň sebäbini bu dükanlaryň eýeleriniň döwlete salgyt tölemeýändigi, şol sebäpli býujetde uly boşluklaryň emele gelendigi bilen düşündirdiler. Şondan soň, şäher häkimligi hem bu barada şeýle dükanlaryň köpçülikleýin ýerleşýän sebiti bolan Bagtyýarlyk etrap häkimine we polisiýa bölüminiň başlygyna tabşyryk berdi” diýip, çeşmämiz belledi.
Dükanlaryň ýapylmagy diňe dükan eýelerine däl, eýse ýerli ilata hem oňaýsyz täsir edýär. Garadamak we Şor ýaşaýyş toplumlarynda hususy dükanlaryň ýapylmagy netijesinde, häzirki wagtda ilata ýurduň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine degişli diňe bir sany döwlet dükany hyzmat edýär.
Degişli maglumat Aşgabatda ýerzeminlerde ýerleşýän dükanlar ýapylýar“Ilat öň golaýyndaky dükanlardan gerekli hajatlaryny satyn alyp bilýän bolsa, häzir Garadamakdaky ýeke-täk dükana barmaly bolýar. Başga dükanlaryň işlemeýändigi sebäpli, şu günler bu dükanyň öňünde adamlaryň uly nobatlaryny görse bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Şol bir wagtda, ýaşaýjylar bu dükanda azyk harytlarynyň görnüşleriniň çäklidigini, ýöne olaryň bahalarynyň, hususy dükanlar bilen deňeşdirilende, aşa gymmatdygyny hem aýdýarlar.
Häkimiýetleriň wagtal-wagtal göreşi
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Aşgabat şäher we Bagtyýarlyk etrap häkimliklerinden, şeýle-de etrap polisiýasyndan teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 14-nji martda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda, hususan-da, hojalyk jaýlarynyň ýerleşýän ýaşaýyş toplumlarynda hususy jaýlaryň bir otagyndan köçä tarap gapy ýa-da äpişge açyp, şeýle-de köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerinde dükan açmak tejribesi giňden ýaýrady.
Häkimiýetler bu dükanlaryň eýelerine garşy wagtal-wagtal göreş alyp baryp, söwdanyň bu görnüşiniň gadagandygyny we olaryň ýörite rugsatnama almalydygyny aýdýarlar. Dükan eýeleri bolsa, rugsatnama almagyň çylşyrymlydygyny, onda “para-berimiň giň rol oýnaýandygyny” belleýärler.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.