Aşgabadyň bazarlarynda ýerli unuň tas ähli görnüşleriniň satuwy bes edildi. Söwdagärler munuň sebäbini täze 2025-nji ýyldan ýerli unuň we un önümleriniň bahalarynyň gymmatlajakdygy bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Şu günler paýtagtyň Teke, Gülüstan ýaly bazarlarynyň söwda tekjelerinde, adatdakysy ýaly, ýerli birinji sort unuň bir kilogramynyň 8 manatdan, ýokary hilli unuň bir kilogramynyň 9 manatdan satylýandygy görkezýän nyrh bellikleri bar. Ýöne alyjylar ondan satyn aljak bolanda, satyjylar ýerli unuň satuwda ýokdugyny aýdýarlar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Söwdagärleriň ençemesi munuň sebäbini un öndüriji kärhanalaryň un goýbermegi bes edendigi bilen düşündirýär.
Degişli maglumat Bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandy, ýeňillikli azyk paýlary gymmatladyOlaryň tassyklamagyna görä, kärhana wekilleri täze 2025-nji ýyldan ýerli unuň we un önümleriniň bahalarynyň gymmatlajakdygyny, şol sebäpli häzirlikçe uny goýbermegi bes edendiklerini aýdýarlar.
“Türkmengallaönümleri döwlet birleşigine degişli un öndüriji kärhanalar öz öndürýän ununy täze ýyldan ýokary bahadan ýerlemek niýeti bilen, häzir ony bazarlara satmakdan saklanýarlar” diýip, bazar söwdagäri anonimlik şertinde belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, ýerli söwda resmileri, şol sanda bazar administrasiýasy unuň satuwynyň täze ýyla çenli bes edilendigini ýaşyrmaga çalyşýarlar.
“Şol sebäpli bazar administrasiýasy, hamala, ýerli un satuwda bar ýaly edip görkezmek üçin, söwda tekjelerinde diňe görnüş üçin olaryň nyrhyny görkezmegi talap edýär. Bu, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň görkezmesi esasynda talap edilýär. Daşyndan göräýmäge satuwda un bar, ýöne satyn almaga ýok” diýip, söwdagär sözüne goşdy.
Habarçymyz bu ýagdaýyň paýtagtlylaryň şu aýyň ahyrynda bellenýän Täze ýyl baýramyna taýýarlyk keýpine eýýämden “sogan dograndygyny” aýdýar.
“Ilatyň ähli gaýgy-aladasy täze ýyldan unuň bahasynyň näçe göterim ýokarlanjagy boldy. Sebäbi bu ýagdaý diňe bazarlarda däl, eýse döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň bahasynyň hem ýokarlanjakdygyny aňladýar. Netijede, çöregiň bahasy hem ýokarlanar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy belledi.
Degişli maglumat 'Arzan' un paýynyň gymmatlamagy ilatda başagaýlyk döretdiAzatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden, şeýle-de agzalan bazarlaryň administrasiýasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda unuň we un önümleriniň bahasy şu ýylyň fewral aýynda hem birnäçe esse ýokarlandy. Bu ýokarlanma, türkmen hökümetiniň bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyny 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, 2,5 esse ýokarlandyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Munuň bilen bir wagtda, döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahalardan hödürlenýän subsidirlenen unuň we çöregiň nyrhlary hem azyndan 250% gymmatlady.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ýurtda öndürilýän we import edilýän azyk harytlarynyň bahasy yzly-yzyna gymmatlaýar. Bu gymmatlamalar, ilatyň köp böleginiň günübirin ulanylýan azyk önümleriniň üpjünçiligini hatar astynda goýýar.
Ilatyň durmuş derejesi gitdigiçe peselýär we olary döwletiň goldawyna mätäç edýär. Bu aralykda, döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň, çöregiň, ösümlik ýagynyň ýeter-ýetmezçiligi saklanyp galýar.
Türkmen häkimiýetleri ýedi ýyldan gowrak wagt bäri ýiti duýulýan ykdysady kynçylyklary we onuň ilata ýetirýän täsirlerini aç-açan boýun alman gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.