Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan we gijelerine 30 gradusa ýetýän mahaly, ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň elektrik energiýasynyň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykyp başlady. Aşgabat ilatyň elektrik üpjünçiligi birnäçe sagatlap kesildi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bolsa, ilat günüň dowamynda azyndan 10 gezek elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
23-nji iýuldan 24-ne geçilen gije paýtagtyň otly menziliniň ýerleşýän etrapçasynda, Köşi, Hitrowka we Çoganly ýaşaýyş toplumlarynda dört sagatlap elektrik üpjünçiligi kesildi.
“Gije sagat 2-den 6-a çenli dowam eden bökdençligiň netijesinde ýaşaýjylar elektrik enjamlaryndan, sowadyjy split-ulgamlaryndan peýdalanyp bilmediler. Taksi hem çagyryp bolmady” Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 24-nji iýulda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Aşgabadyň çetindäki obalar yssyda bir günden gowrak toksuz galdyŞeýle-de, Gurbansoltan eje köçesiniň ugrundaky yşyklandyryş çyralary, ýoluň şähere girilýän nokadyndan tä çykylýan nokadyna çenli aralykda işlemedi.
“Bu köçäniň ugrundaky wideo kameralar, şeýle-de radar enjamlary işlemedi. Sürüjiler ýagty şäheriň içindäki garaňky ýoldan geçip gitmekde kynçylyk çekdiler” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz belledi.
Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky şöhlat öndürýän kärhananyň bir işgäriniň sözlerine görä, bökdençlik işgärleri aljyraňňy ýagdaýa saldy, ýöne olar elektrik üpjünçiligi dikeldilýänçä, öz önümlerini abat saklamagy başardylar.
Elektrik üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlar ýurduň günorta-demirgazyk welaýatynda has-da ýiti bolup, Türkmenabadyň ýaşaýjylary günüň dowamynda azyndan 10 gezek elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
“Jokrama yssyda tok problemasy ýene ýüze çykdy. Günüň dowamynda azyndan 10 gezek tok kesilýär. Ilata tok berlende-de, onuň güýji juda pes. Tok bilen işleýän elektrik enjamlar, sowadyjylar, kondisionerler işlemän galýar” diýip, sebitdäki habarçymyza 24-nji iýulda aýtdy.
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde indi iki hepdä golaý wagt bäri aşa yssy howa akymy dowam edýär.
Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 19-njy iýuldaky habarynda Türkmenistanyň ençeme sebitinde aşa yssy howanyň saklanyp galýandygyny, Lebabyň käbir sebitlerinde temperaturanyň 46 gradusa çenli ýetýändigini habar berdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda howanyň aşa gyzmagy, elektrik näsazlyklary bilen utgaşýarHowa maglumatlaryny çap edýän “AccuWeather” gullugy 24-nji iýulda Aşgabatda we Lebapda howanyň temperaturasynyň gündizine 43 gradusa, gijesine 29 gradusa ýetjekdigini görkezýär.
Ýurduň “Watan” habarlary gepleşiginiň 23-nji iýulda efire berlen sanynda 24-30-njy iýul aralygynda ýurtda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty köpçülige ýetirilip, onda Lebapda howanyň temperaturasynyň gündizine 44 gradusa, gijesine 30 gradusa ýetjekdigi aýdyldy. Aşgabatda bu görkeziji degişlilikde 43 we 29 gradusa deň bolar.
Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň ilaty elektrik energiýasynyň kadasyz üpjünçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu bökdençlik gyşyň aýazly günlerinde we tomsuň jokrama yssysynda has-da ýitileşýär. Ýurduň dürli künjeginde elektrik ýygy-ýygydan kesilýär ýa-da ilata berilýän toguň güýji elektrik enjamlaryny işletmäge ýetmeýär. Azatlyk bu ýagdaýlar barada, geçen ýyllarda hem bolşy ýaly, tomsuň başyndan bäri yzygiderli habar berýär.
Degişli maglumat Türkmenabatda turan güýçli ýel şäheriň suw we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligine zeper ýetirdiBu ýagdaýlar barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri hiç hili mesele gozgamaýarlar. Ýöne ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanyp, 14-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, elektrik energiýasynyň gazyň çykarylyşynyň 106,7 göterim ýokarlanandygy mälim edildi.
Ösüş sanlaryna garamazdan, prezident Serdar Berdimuhamedow şol ýygnakda “işde goýberen kemçilikleri üçin" Hajymuhammet Rejepmyradowy energetika ministri wezipesinden boşadyp, oňa derek Annageldi Saparowy belledi.
“Bu täzeligi eşiden köp adam begenipdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, häzir bu adamlar üýtgeşikligiň bolmandygyny, tersine, gowy bolmakdan beter ýaman bolandygyny aýdýarlar” diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.
Bu aralykda, öz ilatynyň elektrik üpjünçiligini kadaly ýola goýmaýan Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Gyrgyzystana elektrik eksport etmek boýunça öňdebaryjylygy saklaýandygy habar berilýär.
“Aki press” neşiri gyrgyz energetika ministri Taýalbek Ibraýewe salgylanyp, bu döwürde Gyrgyzystana türkmen elektrik energiýasynyň eksportynyň 1,7 millairddan 2 milliard kwt/sagada çenli boljakdygyny habar berdi.
Degişli maglumat 'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.