$5 milliard dollarlyk Arkadag şäherindäki jaýlaryň hili köpleri lapykeç edýär

Arkadag şäheri. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden alnan surat.

Türkmen häkimiýetleri täze Arkadag şäherindäki kwartiralary satuwa çykaryp, olary alyjylara görkezip başlady. Bäş milliard dollarlyk şäherdäki gurluşyklaryň hili aşgabatlylaryň ençemesini lapykeç etdi. Kwartiralary baryp gören raýatlaryň ençemesi olary satyn almakdan ýüz öwürendigini Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna we çeşmelerine gürrüň berdi.

“Soňky hepdelerde resmiler şäheriň territoriýasynda öň ýaşan we täze şäheriň gurluşygy sebäpli jaýlary ýykylan raýatlara, şeýle-de şäherde işlejek mugallymlara, medisina işgärlerine we beýleki hünärmenlere kwartiralary satyp başladylar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz 28-nji iýunda aýtdy.

Bu raýatlara kwartiralaryň bahasyny 30 ýyl möhletli ipoteka bilen tölemek mümkinçiligi hödürlenýär. Emma çeşmämiz bu kategoriýa girmeýän raýatlardan ipotekanyň başlangyç töleginden başga-da, 25 müň dollar möçberinde "para talap edilýändigini" aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistan Arkadag şäheri üçin $5 milliard sarp eder

“Raýatlara kwartirany öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda satmak hem gadagan edilýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Ýöne Arkadagdaky kwartiralardan satyn almagy we bu ýerde ýaşamagy hem-de işlemegi umyt eden aşgabatlylaryň ençemesi olaryň hilinden juda nägile bolýar.

“Göräýmäge, hemme zat owadan we täsir galdyryjy, jaýlaram owadan we olaryň uly ýerzeminleri bar. Ýöne olaryň hili bizi gaty geň galdyrdy. Kwartiranyň esasy gapysynyň töweregindäki gips pytrap durdy. Aşpezhanadaky we hammamdaky kranlaryň hili hem gowy däldi we olar gowşap, çagşap durdy. Ençeme ýerde kafel gowy oturdylman, olar çişip durdy. Jaýlaryň pollarynyň hili hem gowy däldi we köp ýeri çişip, gabaryp durdy” diýip, aşgabatly lukman özüniň mugallyma aýaly bilen bilelikde, geçen hepde şäherdäki jaýlaryň birine baryp görendigini gürrüň berdi.

Ol özlerinden şahsy ulaglaryny şäheriň daşyndaky awtoduralgada goýmagyň talap edilendigini hem aýtdy. Resmiler oňa bu talabyň şäheriň açylyş dabarasyndan soňra-da saklanyp galjakdygyny duýdurypdyrlar.

“Şäherde diňe elektrik ulaglar bilen hereket edip bolýar. Ýöne bularyň kadaly hereket etjegi heniz belli däl. Bu transport problemasyny döredip biler. Şeýle-de, şähere gelýänleriň çäklendiriljekdigi, gözegçilik we diňlemek üçin ‘akylly gurallaryň’ ýerleşdirilendigi aýdylýar. Şahsy durmuşymyzyň galmajakdygyndan alada edip, şeýle-de kwartiralaryň hiliniň pesligi zerarly jaýdan we täze şäherde işlemekden ýüz öwürdik” diýip, lukman belledi.

Azatlygyň 28-nji iýunda ýokarda aýdylanlar barada şäheriň gurluşygy boýunça döwlet komitetinden kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Mundan ozal, Aşgabadyň şäher gurluşyk edaralarynda işlän hünärmenler Arkadagyň proýektiniň düzülişinde seýsmiki howpsuzlyk nukdaý nazaryndan kemçiligiň köpdügini, gurlan binalaryň hiliniň pesdigini duýdurdylar. Munuň yz ýanynda, prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtdaky gurluşyk işleriniň 'ýokary hilli' bolmagyny tabşyrdy.​

Degişli maglumat Welaýatlarda saýlanan adamlar Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna iberilýär

Arkadagyň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow martda eden çykyşynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň golaýynda ýerleşýän şäheriň gurluşygynyň 5 milliard dollara durýandygyny aýdypdy. Bu san şäheriň gurluşygyna 1,5 milliard dollaryň sarp ediljekdigi barada 2020-nji ýylyň fewralynda yglan edilen serişdeden üç esse köpdür.

Türkmenistanda agyr ykdysady krizisiň dowam edýän wagtynda gurulýan we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň lakamyny göterýän bu şäheriň açylyş dabarasynyň 29-njy iýunda geçirilmegine garaşylýar. Bu sene Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat gelýär.

Bu aralykda, emläk söwdasyny edýän hünärmenleriň ençemesiniň sözlerine görä, Arkadagdaky kwartiralaryň raýatlara görkezilip başlamagynyň yz ýany, paýtagtda jaýlaryň satuwy gaýtadan “janlanyp” başlady.

“Soňky dört aý bäri Aşgabatda satuwa çykarylýan jaýlara talap tas ýokdy. Jaýlar satylmaýardy. Soňky bir-iki hepdäniň dowamynda raýatlaryň talaby artdy” diýip, aşgabatly hünärmen aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylmagyna uly taýýarlyk görülýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.