Arkadagda guruljak 'akylly' menzil ilatyň demirýol derdini gozgaýar

Bereket şäherinde gurlan we boş duran demirýol menzili 'işlemeýän desgalaryň' diňi biri.

Türkmen metbugaty Arkadag şäherinde sebitiň ilkinji "akylly" demirýol menziliniň guruljakdygyny habar berýär. Azatlygyň habarçysy bu habaryň ýerli ýaşaýjylaryň arasynda dürli pikirleri döredendigini, ýurduň ulag, demirýol hyzmatynyň hilinden nägile bolup ýören ýaşaýjylaryň nobatdaky ‘Arkadag täzeligini’ başlaryny ýaýkamak bilen kabul edendiklerini habar berýär. Mundan öň habarçymyz Aşgabat bilen Arkadagyň arasynda gatnajak elektrik otlusy baradaky habaryň döreden nägileliklerini habar beripdi.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat täze guruljak demirýol menziliniň sagatda 50 ýolagça hyzmat etjekdigini belleýär. Emma Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar bu desganyň diňe ‘propaganda maksatlaryndan ugur alýandygyny’ aýdýarlar.

"…ozal bar bolan we gurlan wokzallarda günuzyn ýekeje gezek reýs bolsa bolar, bolmasa ol hem ýok" diýip, kerkili ýolagçy bu habara gülendigini gürrüň berdi.

Degişli maglumat 'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan adaty raýatlaryň aýdýan zatlary bilen “Türkmendemirýollary” gullugynyň emeldary hem ylalaşýar:

"Resmi taýdan ilat sany 1 milliondan gowrak diýilýän paýtagt Aşgabada günde bary-ýogy 6 sany ýolagçy otlusy gelýär. Olar irden paýtagt wokzalyna gelip, öýlän, agşamlyk ýene-de ýola ugraýar. Kaşaň paýtagt wokzalyndan iň soňky reýs sagat 19:50-de Türkmenabada ugraýar we wokzal şondan soň ýarym sutkalap haňlap, boşap galýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen demirýol emeldary aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Aşgabatdan tapawutlykykda, deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy wokzalyndaky ýolagçy köpçüligini gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy bir sagat görmek bolýar.

“Türkmenabaşy wokzalynda ýolagçylary irden, 08:15-de Aşgabatdan ýeke-täk otlynyň gelýän wagtynda we öýlän, sagat 15:00-däki Aşgabada ugraýan otlynyň reýsi wagtynda ýarym sagat çemesi wagtda görüp bolýar, günüň galan 23 sagadynda wokzal taşlanyp gidilen bina meňzeýär" diýip, hünärmen aýtdy.

Demirýol hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, soňky 17 ýylda ýurduň demirýol ulgamyndaky ýolagçy gatnawlarynyň ýygylygy we elýeterliligi “gaty gözgyny ýagdaýa düşdi”.

Aýdylmagyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň şäherýaka we şäherara otlulary ýatyrylyp, diňe Aşgabada gidýän, uzak aralyga niýetlenen otlular saklanyp galdy we olar gaty seýrek gatnaw tertibi bilen işleýär.

Nyýazow döwründe goňşy ýurtlar bilen arada gatnaýan göni ýolagçy otlulary ýatyrylan hem bolsa, welaýat merkezlerinden etraplara irden we agşamlaryna şäherýaka otlulary gatnaýardy, Aşgabatdan Sarahsa we Balkanabada gündizki ýolagçy otlulary gatnaýardy diýip, hünärmenler aýdýar.

Degişli maglumat Transport kynçylyklary: Ýolagçylar otlularyň hajathanalarynda sapar etmeli bolýar

Arkadagda guruljak “akylly” demirýol menzili baradaky habar garaşsyz metbugatda we social mediada ýurduň ençeme sebitiniň indi köp ýyl bäri demirýol hyzmatyndan mahrum bolandygy barada bildirilýän aladalaryň fonunda çap edildi.

Mysal üçin, Sarahsa indi 15 ýyl töweregi hiç hili otly gatnawy ýok, territoriýasy boýunça iň uly sebit bolan Balkan welaýaty hem “otly üzňeliginden” kösenýär; günde bary-ýogy bir gezek gatnaýan Aşgabat-Türkmenbaşy ýolagçy otlusy ilatyň transport talaplaryny kanagatlandyrardan has bärde diýip, ýolagçylar aýdýarlar.

Daşoguz welaýatynyň merkezinden sebitiň beýleki hiç bir etrabyna otly gatnamaýar, günde iki gezek gatnaýan Daşoguz-Aşgabat otlusy ilatyň transport isleglerini doly kanagatlandyrardan has bärde, bu ýagdaý Lebap, Mary welaýatlaryna hem mahsus diýip, Azatlyga gelýän habarlarda aýdylýar.

"Eger-de häkimiýetler isleýän bolsa, otly problemalaryny çözmek uly bir mesele däl” diýip, paýtagtdaky syýahatçylyk firmalarynyň birinde işleýän 40 ýaşly hünärmen ‘transport ýapyklygynyň’ agzalmaýan meselä öwrülendigini we uzak saklanjaga meňzeýändigini aýtdy.

Onuň pikiriçe, eger-de bu ýerde ýeterlik ilat ýaşaýan bolsa ýa-da ol şähere ýurt içinden we daşyndan syýahatçylar we jahankeşdeler ‘akyp duran ýa akyp durjak’ bolsa, Arkadag şäherinde "akylly" wokzal guranlary ‘gowy bolup bilerdi’.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda soňky onýyllyklarda gurlan demirýol desaglaryna çykarylan döwlet serişdeleriniň umumy möçberi we olaryň näderejede özüni ödeýändigi, maglumat ýapyklygy zerarly, belli bolman galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.