Arkadaga gatnajak otly ilatyň 'demirýol, otly ýarasyny açdy'

"Türkmenistanyň otly, awtobus gatnawlary meselesi 30 ýyl bäri çözülmeýär" diýip, synçylar aýdýar.

Türkmenistanyň Aşgabat-Arkadag aralygynda elektrik otlusynyň gatnawyny ýola goýjakdygy baradaky habar ýurt içinde, hususan-da ýurduň çetki sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň arasynda bir topar sorag döretdi. Azatlygyň habarçylary bu täzeligiň ýurtdaky demirýol gatnawlarynyň hilinden, az bolmagyndan zeýrenip ýören adamlaryň nägileliklerini has-da güýçlendirendigini habar berýärler.Ýerli hünärmen Arkadaga gatnajak otly ilatyň 'demirýol ýarasyny açan ýaly boldy" diýdi.

Türkmen metbugaty ýurduň ilkinji elektrik otlusy baradaky habary geçen aýyň aýagynda, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň nazarda tutýan taslamasyna salgylanyp, anyklaşdyrman çap etdi.

Türkmenistan örän giň çägi öz içine alýan ýurt bolup, soňky otuz ýylda dörän agyr işsizlik ilatyň transport, ulag gatnawlaryna mätäçligini has-da artdyrdy we, otly, awtobus, uçar gatnawlarynyň kadaly, ilatyň ösýän isleglerini kanagatlandyrjak derejede ýola goýlup bilinmezligi uly sorag bolmagynda galýar.

Anyk demirýol hyzmaty barada aýdylanda, bu hyzmatyň 2007-nji ýylda, prezident çalşanyndan soň has ýaramazlaşandygy aýdylýar.

Degişli maglumat Daşoguz we Lebap sebitleri iki welaýatyň arasyndaky transport kynçylyklary zerarly aýraçylyk çekýär

Ahally hünärmeniň tassyklamagyna görä, demirýol ulgamynda ýolagçy gatnatmagyň hili we ýygylygy soňky ýyllarda örän pese gaçdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň, adamlar Aşgabat şäheri bilen Ahal welaýatynyň etraplarynyň arasyndaky şäherara otly gatnawyndan mahrum boldy, bu oba, etrap ýerlerinden paýtagta gatnap işleýän, ownuk söwda edýän, okaýan adamlara urlan zarba boldy diýip, ahally ýaşaýjy aýtdy.

Elýeterli, kadaly ulag gatnawlarynyň bolmazlygy ýa az bolmagy ilatyň işe, okuwa, saglyk we resminama işleri bilen Aşgabada, welaýat merkezi bolan Änewe gatnawyny kynlaşdyrýar diýip, söhbetdeşimiz Nyýazow döwründe Tejen-Sarahs-Maşat, Aşgabat-Garagum-Daşoguz ugurlary boýunça gurlan täze demir ýollardan garaşylan tamanyň çykmandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, adamlar başda Aşgabat-Bäherden, Aşgabat-Derweze ugurlary boýunça, Aşgabat-Tejen-Sarahs ugurlary boýunça elektrik otlularynyň gatnawy ýola goýlar diýip umyt edipdirler.

Balkanly çeşmelerimiz hem çetki obalaryň we etraplaryň ýaşaýjylarynyň Balkanabat, Türkmenbaşy ýaly iri şäherlere elektrik otlusynda, bolmanda şäherara otlularynda gatnamak barada eden arzuwlarynyň hasyl bolmandygyny aýdýarlar.

“Otly gatnawy gaty ýaramaz. Hepdede 1-2 gezek Etrek-Bereket ugry boýunça şäherara ýolagçy otlusy gatnaýar, ýöne ol Balkanabada ýa Türkmenbaşa baranok. Gyzylarbat-Türkmenbaşy arasynda hem ýörite şäherara otly gatnawy ýok. Bu ugurdan günde bir gezek geçýän Aşgabat-Türkmenbaşy otlusy diňe iri wokzallarda saklanýar, kiçi stansiýalar we etraplar umuman otly gatnawsyz galýar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, serhet ýakasynda ýerleşýän Bereket ugruna hem otly gatnawy ýok.

Otly gatnawlary ýurduň demirgazyk sebitinde hem ýaramaz bolmagynda galýar.

Daşoguzly çeşmelerimiziň maglumatyna görä, soňky onýyllyklarda bu welaýat ulag üzňeliginde galdy diýilse hem, ulaltma bolmaz.

Degişli maglumat "Otluda 12 sagatlap dik aýak üstünde gitdim”

“Iň agyr ýagdaý Daşoguz - Lebap aralygyndaky demirýol gatnawyna degişli bolup, bu iki welaýatyň arasynda indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri hiç hili ýolagçy otlusy gatnamaýar. Howa gatnawy bolsa, diňe ýaz we tomus aýlarynda açylyp, ol hem bary-ýogy hepdede bir reýs bilen çäklenýär” diýip, ýerli hünärmen Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Türkmen häkimiýetleri goňşy Özbegistan bilen aradaky gatnaşyklaryň strategiki ähmiýetini nygtamagy gowy görýär, ýöne, näme üçindir, şeýle dostlukly gatnaşyklardan peýdalanyp, Lebapdan Daşoguz sebitine Özbegistanyň Horezm welaýatynyň üsti bilen gelip biljek ýolagçy otlusynyň gatnawyny açmak ýa dikeltmek hakynda bir sözem aýtmaýar” diýip, hünärmen bu hili otly gatnawlarynyň diňe peýda berjekdigini, zyýan berip bilmejekdigini hem sözüne goşdy.

Şeýle-de, Daşoguz şäherinden ozalky Oktýabr, häzirki S. Türkmenbaşy etrabynyň merkezine çekilen demir ýoluň boş durandygy, bu ugur boýunça Nyýazow döwründe gatnan ýolagçy otlusynyň häzir gatnamaýandygy aýdylýar.

Lebaply ýaşaýjylar hem otly gatnawlarynyň hilinden we juda az bolmagyndan şikaýat edýärler.

Beýleki sebitlerde bolşy ýaly, bu sebitde hem işsizlik adamlary barha kän şähere gatnamaga mejbur edýär. Emma muňa garamazdan, Türkmenabatdan Seýdi, Farap, Saýat ýaly şäherlere gatnaýan adamlara niýetlenen şäherara otly gatnawy ýok.

“Türkmenabat-Gazojak ugrunda gatnaýan otly günde bary-ýogy bir gezek gelýär, Amyderýa-Aşgabat otlusy hem günde bir reýsi ýerine ýetirýär. Ýöne bu otly Döwletli, Köýtendag etraplaryna barmaýar, netijede köp adam soňky ýyllarda juda zerur bolan otly gatnawyndan peýdalanyp bilmeýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Otly gatnawy ýurduň gür ilatly Mary sebitinde hem ýaramaz diýip, Azatlyk bilen gürleşen adamlar aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenabatda döwlet awtobuslarynyň gatnawy göz-görtele azaldy

“Serhedabat-Mary, Mary-Üçajy, Mary-Parahat ugurlarynda gatnaýan ýolagçy otlularynyň bolmazlygy ilatyň durmuş, ýaşaýyş zerurlyklaryna örän negatiw täsir ýetirýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Synçylaryň pikirine görä, adamlaryň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna itergi berip biljek demirýol gatnawy häzirki talaplary diňe bu meselä has giň çemeleşilende ödäp biler.

“Ýurt baştutany 30 km aralyk üçin elektrootly gatnawyny ýola goýmakçy bolýar, ýöne ýüzlerçe kilometrlik daşda ýerleşýän demirýol ugurlarynda garaşylýan otly gatnawlaryny ýola goýmak barada gürrüň hem gozgalanok” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen syýahatçylyk işgäri aýtdy.

Onuň pikiriçe, ýurduň ýapyklygy, üzňeligi, goňşy döwletler bilen arada kadaly ulag gatnawlarynyň bolmazlygy Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyna hem uly zarba urýar.

Demirýol ulgamyny elektrikleşdirmek, elektrik otlularyna geçmek gowy pikir, ýöne bu iş, ilkinji nobatda, Aşgabat bilen ýurduň dört welaýatyny biri-birine baglaýan Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat uruglarynda geçirmeli diýip, synçylar aýdýar.

Türkmenbaşyly demirýol hünärmeniniň Azatlygyň habarçysy bilen eden ikiçäk söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, welaýatlaryň arasynda göni we kadaly ýolagçy gatnawynyň bolmazlygy uly amatsyzlyklara, zyýankeşlige sebäp bolýar.

“Mysal üçin, tomus möwsüminde Awaza dynç almaga gelýän raýatlar köpelýär, olar ýurduň dürli künjeklerinden gelýärler, ýöne ulag ministrligi ýygjamlaşýan ýolagçy akymynyň talaplaryny ödäp bilenok, hiç bolmasa, maý aýyndan sentýabr aýynyň ahyryna çenli Türkmenbaşydan ýurduň ähli welaýatlaryna göni otly gatnawlaryny gurnap bolýar ahyryn” diýip, hünärmen aýtdy.

Günde ýa günaşa gatnaýan Türkmenbaşy-Aşgabat otlusy adamdan hyryn-dykyn bolýar, Awazadan ilki Aşgabada, ol ýerde hem günuzyn oturyp, agşam öz welaýatyna gidýän otla münmäge mejbur bolýan adamlaryň ‘höwes ederli ýagdaýy ýok” diýip, bu pikiri başga bir raýat hem tassyklady.

Degişli maglumat Içerki gatnawlarda awiabiletleriň döwlet bahasynyň üstüne 'para soralýar'

“Eger Aşgabatda otludan düşüp, tutuş günüňi ýitirmän, göni otluda öz welaýatyňa gidip bolsa, oňa ýetesi zat boljakmy, emma häkimiýetler ilatyň ýol azabyny azaltmak barada pikir ederden entekler daş görünýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Biri-birinden habarsyz, aýry-aýylykda gürleşilen adamlar otly gatnawlarynyň azdygyny, ýyllar boýy dowam edýän bilet gytçylygynyň arasynda, otly hyzmatynyň gowulaşmaýandygyny, demirýol ulgamynyň bolsa barha beter parahorluga, korrupsiýa batýandygyny aýdýarlar.

Dört ogly kemala getiren ene, 53 ýaşly Jemile Türkmenistanda dörän agyr ýol azabyny çekýänleriň diňe biri. Onuň ýaşaýan Dostluk şäherçesi Tallymerjen-Kelif demir ýolunyň ugrunda ýerleşýär, ýöne ol bu ugurda indi ençeme ýyl bäri hiç hili ýolagçy otlusynyň gatnamaýandygyny aýtdy.

Esger enesi dördünji oglunyň Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda, serhetde gulluk edýändigini, onuň ýanyna baryp-gaýtmak üçin birnäçe gününiň ýolda geçýändigini gürrüň berdi.

"Kiçi oglumyň gulluk edýän harby bölümine barmak üçin ilki Dostluk şäherçesinden taksi alyp, Amyderýa stansiýasyna barýaryn. Ol ýerde tanşyň ýa araçyň bolmasa, otla bilet tapmak mümkinçiligi ýok. Onsoň, döwlet bahasyndan has kän çykdaja galyp, Amyderýa-Aşgabat otlusyna bilet alyp, Aşgabada gidýärin. Otly Aşgabada 18 sagat töwereginde barýar” diýip, esger enesi aýtdy.

Ol otlynyň üstündäki hyzmatyň, arassaçylyk, tertip-düzgün meseleleriniň gözgyny ýagdaýy barada Azatlyga öňki ýyllarda gelip gowşan maglumatlary hem tassyk etdi.

“Aşgabada baranymdan soň, ýene kassada nobata durup, ýa bolmasa araçynyň üsti bilen, Aşgabat-Türkmenbaşy otlusyna, Berekede çenli bilet almaly bolýaryn. Käte, şol gün agşam gidýän otla bilet tapdyrmasa, ertesi agşam gitjek otla bilet alyp, bir sutkadan artyk wagtymy Aşgabadyň wokzalynda geçirýärin. Berekede otly gije barýar. Bu ýerden Etrege eltýän otly hepdede bir ýa iki gezek gatnaýar. Ýöne onuň gatnaýan wagty örän tiz üýtgäp durýar we köp halatda bu otly ýatyrylýar. Netijede, otly ýatyrylan halatynda, gijäniň ýarysynda taksi gözläp, Bereketden Etrege Balkanyň çarkandak, howply ýollary bilen kireýine tutulan ulagda aşmaly bolýaryn” diýip, mundan öň üç esgeriň yzyndan gatnan ene ýolda gören azaplaryny “bir özüniň bilýändigini” hem sözüne goşdy.

Onuň pikiriçe, döwlet ilatyň transport elýeterligi hakynda düýbünden alada etmeýär.

“Hudaýa şükür, bu dördünji, körpe oglumyň harby gullugy... Uly ogullarym Tagtabazarda, Daşoguzda we Tejende gulluk etdiler. Her gezek olaryň yzyndan baryp-gelmek uly mesele boldy. Sebäbi welaýatlaryň arasynda göni gatnaýan otly ýok. Kerkide aeroport gurdular, ýöne ondanam diňe Aşgabada uçup bolýar, başga welaýatlara uçup bolmaýar” diýip, Aşgabatda otla garaşýan ene Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.