Arkadag şäheri Hytaýda öndürilen elektromobiller bilen üpjün ediler

Elektrik ulagy

Türkmen metbugaty 29-njy iýunda açyljak Arkadag şäheriniň Hytaýyň “JAC MOTORS” awtoulag kompaniýasynyň kuwwatlylygy 60 kW bolan 10 sany JAC E-J7 elektrik ulagy we 5 sany tok beriji beket bilen üpjün edilendigini habar berýär.

Bu iş “Paýhas Merkezi” hojajlyk jemgyýetiniň arada durmagynda, Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýurmasy boýunça amala aşyrylypdyr. “

Şäher taksisi hökmünde ulanmak üçin niýetlenilýän model häzirki zaman talaplarynyň hemmesine laýyk gelýär diýip, habarda aýdylýar.

Ol panoramik lýuk, arka tarapy görkezýän ýygnalýan aýna, yzky kamera, kruiz dolandyryşy we 10,4 dýumlyk multimediýa duýgur ekran bilen üpjün edilen, täze tehnologiýaly, 3 w 1 motor ulgamyna eýe bolan elektrik ulagynyň doly tokda geçýän aralygy 400 km deň.

Kuwwatlylygy 60 KW bolan elektrik ulaglary üçin tok beriji bekedi, 50Hz ýygylygy bilen 380V AC üpjün edýär.

“Paýhas Merkezi” hojalyk jemgyýeti eýýäm türkmen bazaryndaky JAC awtoulaglarynyň ilkinji toplumyny hödürledi we ýakyn wagtda, içerki awtoulag bazarynyň talaplaryna laýyklykda, öz işlerini giňeltmegi meýilleşdirýär diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty bu kärhananyň kime degişlidigini aýdyňlaşdyrman habar berýär.

Bu kärhana, “Türkmenportal” neşiriniň ýazmagyna görä, has uly taslamalary ýerine ýetirmegi we Informasion Tehnologiýalary nukdaýnazaryndan işewürligiň täze ugurlaryny özleşdirmegi maksat edinýär.

Türkmenistanda ýokary derejeli hökümet wekilleri tarapyndan goldanylmaýan telekeçileriň öz işlerini aňsat dowam etdirip bilmeýändikleri habar berilýär.

Degişli maglumat Kiçi we orta telekeçiligiň uly kynçylyklary açylan iş orunlarynyň köpüsiniň ýapylmagyna getirýär