Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, 60 ýaşlaryndaky Annagül daýza öý internetiniň haýal tizliginiň ýokarlandyrylmagyny haýyş edip, döwlet edaralaryna, şol sanda ýerli aragatnaşyk kärhanasyna we häkimlige ýüz tutanda, megerem, özüne bu haýyşy ýerine ýetirmekligiň mümkin däldiginiň aýdyljagyndan bihabardy.
Daýzanyň edil özüne Internetiň hajaty ýok ýaly. Ýöne Annagül daýza gelniniň we daşary ýurtda zähmet çekýän oglunyň, şeýle-de agtyklarynyň we olaryň kakalarynyň haýal Internet sebäpli päsgelçiliksiz habarlaşyp bilmeýändiklerini görüp alada galýar. Aladaçyl zenan öz sesini eşitdirmek üçin, öz aladalaryny häkimiýetleriň dykgatyna ýetirmek üçin, ýerli jogapkär edaralaryň gapysyny kakmakdan ýadamaýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, Annagül daýza bilen söhbetdeşlik geçirdi. Ol özüniň, agtyklarynyň, oglunyň we gelniniň haýal Internet zerarly duçar galan agyr synagy barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň hökümeti öz ilatyna halkara barlagçylary tarapyndan dünýäde iň pes tizlikli Internet hökmünde ykrar edilen aragatnaşyk toruny hödürleýär.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde ady Annagül daýza hökmünde üýtgedilen 60 ýaşly daýzanyň ogly Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherinde zähmet çekip, maşgalasyny eklemäge çalyşýar. Onuň yzda galan ýanýoldaşy we kiçi ýaşly çagalary öz hossarlary bilen diňe Internet arkaly habarlaşyp, aýraçylygyň hasratyny çekmeli bolýarlar.
Degişli maglumat 'IMO-da işlemeýär'. Türkmenistanda internete girmek kynçylygy dowam edýärAnnagül daýza daşary ýurtdaky ogly bilen päsgelçiliksiz habarlaşylmagyny gazanmak üçin, öýe Internet çekdiripdir. Ýöne öýe çekilen Internet, daýzanyň sözlerine görä, gündiz işlemeýär, diňe gije bölekleýin işleýär.
“IMO messenjeri wideo jaňlary göterenok. Daşary ýurtlarda gezip ýören çagalarymyz bilen Internet arkaly arkaýyn habarlaşyp bilemizok. Gelnim oglum bilen habarlaşmak üçin, gije ýatman garaşýar. Gije diňe 3:00-dan soň gürleşip bolýar. Şondan soň, Internet 5-e çenli gowy işleýär. Çagalar kakalaryny asla görüp bilmeýär” diýip, Annagül daýza hasrat bilen gürrüň berýär.
Ýaş gelin gije ukusyny alyp bilmeýär, ondan daşary gündiz tamdyra çörek ýapjak bolýar, hojalygyň işlerini etmekçi bolýar, mellekde işleýär. Uzakly gün oýaly-ukuly gözlerini owkalap öýüň hysyrdylaryna gümra bolýar.
“Biz telekoma ummasyz pul töleýäris” diýip, maryly daýza gürrüň berýär. Ýöne Internetiň tizligi tamalary ödemeýär.
Iki ýyl töweregi mundan ozal, düýbi Britaniýada ýerleşýän Cable.co.uk neşiriniň barlagçylary Türkmenistanda ilata dünýäde iň haýal Internet aragatnaşygynyň hödürlenýändiginiň üstüni açdy. Barlaglara görä, 5 gigabaýtlyk maglumaty Türkmenistanda Internetden tas 15 sagatda indirip bolýar. Şu ýylyň fewralynda “Türkmentelekom” kompaniýasy ulanyjylara Internetiň tizligini artdyrmagy, bahasyny arzanlatmagy wada berdi. Ýöne munuň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu wadalaryň puja çykandygyny, Internetiň tizliginiň juda haýal galýandygyny habar berdiler.
Annagül daýza “Türkmentelekom” tarapyndan hödürlenýän we aýlyk tölegi 280 manat bolan, tizligi sekuntda 6 megabitlik Internet bukjasyna ýazylypdyr. Ýöne aragatnaşygyň hakyky tizligi wada berlen tizlige gabat gelmeýär.
Şeýle problemalaryň arasynda Annagül daýza “Türkmentelekom” kompaniýasynyň Mary welaýatyndaky ýerli şahamçalarynyň birine baryp, arz-şikaýat bildirmek kararyna gelýär.
“Meniň arzymy diňlemediler. Gaýtam, ‘Internetiň gije işleýänine şükür et, daýza! Bizde gije-de işlänok. Arzyňy bize däl, häkimlige aýt!’ diýdiler” diýip, maryly daýza gürrüň berýär.
Şeýlelikde, Internet aragatnaşyk hyzmatyny hödürleýän döwlet kompaniýasynyň işgärleri Internetiň tizligine öz kärhanalarynyň jogap bermeýändigini tassyklaýar.
Degişli maglumat Maglumat boşlugyndaky durmuş. Internetiň petiklenmegi dowam edýärAnnagül daýza ýerli aragatnaşyk kärhanasynda özünden başga başga-da birnäçe adamyň Internetiň tizligi bilen bagly şikaýat bilen aragatnaşyk kompaniýasynyň binasyna barandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirýär.
Ol özi ýaly şikaýat bilen “Türkmentelekoma” baran bäş-alty daýza bilen jem bolup, ýerli häkimlige ýüz tutmaly diýen karara gelýärler. Ýöne ol ýerde hem olaryň şikaýatlary diňlenmeýär. Internetiň tizliginden nägile raýatlary kabul eden häkimlik resmisi, gaýtam, daýzalary ýaňsylap, kinaýaly gürrüňler bilen gaýtadan olara “Türkmentelekoma” ýüz tutmagy maslahat berýär.
“Meniň Kazana işlemäge giden oglum iki sany gara göz çagasy bilen Internetde habarlaşyp bilenok. Gelnim adamsy bilen habarlaşmak üçin gije ukusyny alyp bilenok” diýip, Annagül daýza gazaplanýar. Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar we adam hukuklarynyň kemsidilmegi köp sanly raýaty eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga iterdi.
Annagül daýza ýerli häkimligiň binasyndan çykyp, umydyny ýitirmän, gaýtadan “Türkmetelekoma” barýar. Arz-şikaýatyny gaýtalaýar. Aragatnaşyk işgärleri, bu gezek, Wi-Fi Internetiniň işleýşini barlamak üçin, uly ýaşly daýzanyň ýaşaýan salgysyna ussa ibermek wadasy bilen, ony aragatnaşyk binasyndan çykaryp, ugradyp goýberýärler.
“Ýaşy altmyşa golaýlan, ejeňiz ýaly adamy gatnatmaňyz näme!?” diýip, Annagül daýza aragatnaşyk işgärlerine nägilelik bildirýär.
Türkmenistanda sosial ulgamlardan peýdalanmak üçin VPN gerek. Häkimiýetler ähli iri sosial saýtlary, messenjerleri we dürli maglumat çeşmelerini berk petik astynda saklaýar.
Muňa garamazdan, üzňe Türkmenistanda sosial ulgamlarda bloggerler, wideo loggerler peýda bolýar. Häkimiýetler ýerli bloggerleri Internetde Türkmenistanyň ‘ajaýyp keşbini’ şöhlelendirmek bilen borçlandyrýar.
Türkmenistanyň döwlet mediasy we elektron neşirleri ne Annagül daýza ýaly Internetiň pes tizliginden ejir çekýän adamlar, ne-de Internetiň petiklenilmegi bilen bagly problemalar barada habar berýär.
Degişli maglumat Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.