Angliýanyň soňky sanksiýalary ukrain oligarhy Firtaşy hem öz içine alýar

Dmytro Firtaş, 2019-njy ýyl

Angliýanyň giň gerimli halkara korrupsiýasynda aýyplanýan 8 adamdan topara garşy girizen sanksiýalary täsirli ukrain tüçjary Dmitro Firtaşy we onuň aýaly Ladany, iňlis-rus milliarderi Isabel dos Santosy, latwiýaly syýasatçy we telekeçi Aýwars Lembergsi hem öz içine alýar.

Bu sanksiýalar 21-nji noýabrda yglan edildi.

Britan hökümeti Firtaşy öz kompaniýalarynyň magdançylyk ygtyýarnamalaryny almak üçin para bermekde, Ukrainanyň gaz-transport ulgamyndan bikanun girdeji almakda aýyplaýar.

Şeýle-de, sanksiýalar sanawyna, Firtaş bilen baglanyşygy sebäpli, britan maliýeçisi Denis Horbunenko goşuldy.

ABŞ-da korrupsiýada aýyplanan Dmitro Firtaş 2021-nji ýylyň tomsunda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň gol çeken sanksiýa sanawyna hem girizilipdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2014-nji ýylyň 15-nji martynda Firtaşyň dürli ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda hem kärhanalarynyň bardygy barada çykan habary ret etdi.