Angliýa Ukraina 2,4 milliard dollarlyk ýarag karzyny yglan etdi

Angliýanyň goranmak ministri Jon Heali 

Britaniýanyň goranmak ministri Jon Heali 22-nji oktýabrda Angliýanyň Ukraina has köp ýarag ulgamlaryny edinmek üçin 2,26 milliard ýewro (2,4 milliard dollar) möçberinde karz berjekdigini aýtdy.

Bu habar Kiýew goşunlarynyň gündogarda Russiýanyň gazaply hüjümine garşy durýan, ukrain şäherlerine we energiýa infrastrukturasyna gündelik diýen ýaly zarba urulýan wagtynda berildi.

Soňky urlan zarbalar netijesinde, 22-nji oktýabrda Russiýa bilen serhetleşýän demirgazyk-gündogar Sumy sebitinde üç adam, şol sanda bir çaga öldürildi diýip, sebit häkimiýetleri aýtdy.

Healiniň göz öňünde tutýan möçberindäki pul ösen ýurtlaryň G7 ýa-da Uly ýedilik diýilýän toparynyň Ukraina üçin iýun aýynda yglan edilen 50 milliard dollarlyk karzynyň bir bölegidir.

Bu karz Moskwa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina sebäpsiz çozanyndan soň Russiýanyň Günbatarda doňdurylan özygtyýarly emläklerinden alnan girdejileriň hasabyna üpjün ediler. Doňdurylan rus emläkleri takmynan 300 milliard dollara barabar hasaplanýar.

"Ukrainanyň harby çykdajylaryna býujet kömegini bermäge niýetlenip, bu karz ukrainalylara Russiýa garşy howa goranyşy, artilleriýa ýaly esasy enjamlara maýa goýmaga mümkinçilik berer” diýip, Heali britan hökümetiniň çap eden beýanatynda aýtdy.

Bu karz Angliýanyň Ukraina berýän ýyllyk 3,9 milliard dollarlyk harby kömek maksatnamasyna goşmaça bolup, Londonyň Kiýewe harby, ykdysady we ynsanperwer goldawy üçin beren 16 milliard dollarynyň üstüni ýetirýär.

Russiýa öz doňdurylan emläklerini ulanmagyň bikanundygyny we munuň üçin ar aljakdygyny aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, Heali we Angliýanyň maliýe ministri Reýçel Riwes bu karzy ukrain goşunlarynyň Angliýada tälim alýan esgerleriniň ýanyna baryp görende yglan edipdir.

"Biziň Ukraina we onuň erkeklerine hem-de aýallaryna olaryň [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň agressiýasyndan azat bolmak ugrundaky söweşinde berýän goldawymyz üýtgewsiz we näçe wagt gerek bolsa, şonça hem saklanyp galar" diýip, beýabatda aýdylýar.

Ýewropa Bilelişigi, doňdurylan rus emläkleriniň köpüsiniň ýerleşýän ýeri bolmak bilen, G7-niň Ukraina shemasyna berilýän karzlaryň çäginde, adatdan daşary girdejileri tizleşdirmek üçin, 27 agzaly toparyň paýynyň bir bölegi hökmünde, eýýäm 35 milliard ýewro (38 milliard dollar) möçberinde karz berdi.

Ukrainanyň howa güýçleri sekiz sebitde - Sumy, Dnipropetrowsk, Çerkasy, Donetsk, Zaporižýa, Kiýew, Herson we Harkow sebitlerinde Russiýanyň uçuran 60 pilotsyz uçarynyň 42-sini urandygyny aýtdy.

Russiýanyň Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Sumy sebitine 22-nji oktýabrda, irden eden dron hüjüminde üç parahat ýaşaýjy öldürildi diýip, sebit administrasiýasy telegramda beren habarynda aýtdy.

Şeýle-de, habarda ukrain howa goranyş ulgamlarynyň Sumynyň asmanynda 25 pilotsyz uçary urandygy aýdylýar.

Şu aralykda, Russiýanyň iki sebitiniň häkimiýetleri ukrain pilotsyz uçarlarynyň üç sany alkogol zawodyny nyşana alandygyny habar berdiler.

Moskwanyň günorta-gündogaryndaky Tambow sebitine urlan dron zarbasy “Biohim” alkogol zawodynda ýangyn turmaygyny sebäp boldy diýip, sebit häkimi Maksim Ýegorow telegramda aýtdy.

Moskwanyň günortasynda ýerleşýän Tula sebitine hüjüm eden ukrain dronlary Efremowdaky we Lužkowskidäki alkogol zawodlaryna zarba urdy, pida bolan ýok diýip, sebit häkimi Dmitriý Milýaýew aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi howa goranyş ulgamlarynyň öten agşam Ukrainanyň 18 dronyny urandygyny aýtdy.