Amyderýadan balyk tutmaga girizilen 'gadaganlyk' balyk bahasyny gymmatladýar

Bezeg suraty

Adatça balygyň bol bolýan wagtynda, iýul aýynyň ortalarynda bazarda satylýan balygyň bahasy 25-30% gymmatlady, ýolda awtoulag sürüjilerini saklaýan polisiýa işgärleriniň balykly soragy köpeldi diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär. Goly ýuka maşgalalaryň bazardan balyk satyn almak mümkinçiligini öňküsinden hem pese gaçyran ýagdaý Amyderýadan balyk tutmaga girizilen näresmi gadaganlyk, döwletiň balyk hojalygyndaky meseleleri mejbury zähmetiň hasabyna çözmek synanyşygy bilen baglanyşdyrylýar.

Azatlyk mundan öň ýolda saklanan sürüjiniň çagalaryna alyp barýan balyklaryny polisiýa ofiserine ‘aldyrandygy’ barada aýdan sözlerini efire beripdi. Ýöne indi, Çärjew etrabynda ýaşaýan sürüjiniň tassyklamagyna görä, ýol polisiýasynyň balyk gözlegi diňe gulluk wezipesinden bikanun peýdalanýan ofiseriň däl, häkimligiň beren buýrugy bilen bagly bolup görünýär.

“Lebabyň ýerli häkimiýetleri Amyderýadan balyk tutmaga resmi däl gadaganlyk girizdi, bu gadaganlygy bozan raýatlar brakonýerlikde aýyplanyp, kazyýet jogapkärçilige çekiler” diýip, Türkmenabadyň şäher häkimligindäki çeşme welaýat häkimligindäki kärdeşlerine salgylanyp aýtdy.

Aýdylmagyna görä, bu gadaganlyk fewral aýynda girizilipdir we onuň täsiri iýul aýynda, bazarlardaky balyk bahasy gymmatlap, polisiýa işgärleri sürüjilere balyk soragyny kän berip başlanda belli boldy.

Degişli maglumat Balyk bahalary 'azyk howpsuzlygynyň arzuw bolandygyny' görkezýär

“Häkimlik resmi däl gadaganlygy ‘balyk baýlyklaryny goramak we ekologiki deňagramlylygy saklamak zerurlygy bilen düşündirmäge çalyşýar, ýöne hakykatda ol ýerli balyk kärhanalarynyň we Türkmenistanyň balyk hojalygy komitetiniň emeldarlarynyň şahsy gyzyklanmalary bilen bagly” diýip, şäher häkimligindäki çeşme aýtdy.

Türkmenabat şäheriniň Gök bazarynda işleýän satyjy balyk bahalarynyň iýul aýynda, birden 25-30% gymmatlamagyna balyk tutmaga girizilen näresmi gadaganlykdan başga sebäp görmeýändigini aýtdy.

“Adatça tomus aýlarynda bazarda satylýan balygyň nyrhy arzanlaýar, sebäbi etrapçalaryň içinde bartawoý kamazlarda balyk satýan adamlar köpelýär. Ýöne häzir balyk esasan Gök bazarynda tapdyrýar, galan ýerlerde gizlin we gymmat bahadan satylýar” diýip, bazar satyjysy Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlygyň çeşmeleri ýolda saklan awtoulagynda balyk gören polisiýa işgärleriniň ‘gözüniň açylýandygyny” ozalam habar beripdiler. Ýöne indi, aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe sürüjiniň tassyklamagyna görä, ýol gözegçilik işgärleri şäher arasynda gatnaýan taksiçilerň bagažlarynda bolup biljek balyk önümleri bilen aýratyn gyzyklanýarlar.

Şol bir wagtda, Çärjew etrabynda ýaşaýan sürüjiniň aýtmagyna görä, awtoulagda ‘balyk tapan’ polisiýa işgärleri bu meseläniň birden beýle ‘möhümleşmeginiň’ resmi sebäbini açyk aýdyp, düşündirip bilmeýärler.

“Ulagyň içinde ýa-da bagažynda balyk tapsalar, gaýylar yrsarap başlaýar. Mundan öň balyk bilen kän işiňiz ýokdy, size näme boldy diýseň, “Häkimligiň buýrugy” diýip, anyk jogap bermeýärler” diýip, sürüji şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.

Şu aralykda, näresmi gadaganlygyň fonunda, balykçylaryň Türkmenistanyň suw hojalyk komitetine degişli döwlet balykçylyk edarasyna işe girmegine çagyryş edilýär diýip, habarçymyz aýtdy. Emma, faraply balykçynyň aýtmagyna görä, balykçylar döwletiň balykçylyk edarasynda işlemäge razy bolmaýar.

“Tutýan balyklaryň ählisi döwletiň haýryna gidýär, berilýän aýlyk bolsa 2000 manada hem ýetmeýär” diýip, faraply balykçy aýtdy.

Degişli maglumat Balkanda balyk gymmatlaýar, ilat ony hepdelik iýmitinden çykarýar

Onuň pikiriçe, bu ýerde häkimiýetler bir okda iki towşan urjak bolýana meňzeýär.

“Bu gadaganlyk, birinjiden, ýerli häkimiýetler bilen bagly hususy balyk kärhanalarynyň “interesini” kanagatlandyrmak, ikinjiden, döwletiň balyk edarasyndaky kadr ýetmezçiligi meselesini çözmek maksatlaryndan ugur alýana meňzeýär” diýip, faraply balykçy balyk gymmatlamasyna sebäp bolan ýagdaýlara öz garaýşyny paýlaşdy.

Derýa boýlarynda, kölleriň golaýynda ýaşaýan türkmenistanlylaryň dynç alyşlarynyň, kähalatda saçak zerurlyklarynyň hem bir bölegi bolan balykçylyk soňky onýyllyklarda, ýurtda azat bazar ykdysadyýetine geçilmeginiň, ykdysady kynçylyklaryň we azyk ýetmezçiliginiň fonunda çylşyrymlaşdy diýip, synçylar aýdýar.

Türkmenabadyň polisiýa bölümindäki çeşme häzir balykçylardan edilýän lisenziýa, ýörite gugsatnama talabynyň güýçlenendigini aýtdy.

“Iýul aýynyň başlarynda Amyderýada balyk tutýan wagty saklanan balykçylardan polisiýanyň esasy soraýan zady lisensiýa boldy. Balyk tutjak adamlaryň elinde ýörite rugsatnamasy bolmaly” diýip, polisiýadaky çeşme aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen balykçylar, beýleki bir topar ugurda bolşy ýaly, balykçylyk üçin ygtyýarnama almagyň gaty kyndygyny, “Lisenziýa almak üçin para bermelidigini we bir topar býurokratik päsgelçilikden geçmelidigini” aýdýarlar.

Türkmenistanda çylşyrymlaşdyrylan we korrupsiýa çümendigi aýdylýan lisenziýa, ygtyrýarnama meselesi, hünärmenleriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, özüni iş bilen üpjün etjek ýönekeý raýatlaryň on müňlerçesiniň resmi ýagdaýda iş edinmeginiň we salgyt töläp, kanun esasynda maşgalasyny eklemeginiň, ýurtda köp önüm öndürilmeginiň, ýokary hilli we kän hyzmat edilmeginiň öňüni alýar.

Türkmen häkimiýetlerinden ýurtda girizilýän näresmi gadaganlyklar, ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertlerini ýaramazlaşdyrýan ýagdaýlar, emeli päsgelçilikler barada hiç bir düşündiriş alyp bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.