Saýlawçylaryň hem milli derejede, hemem ýedi sany çekeleşik ştatynda bölünmegi bilen, amerikalylar taryhy prezident saýlawynda ses berýärler.
Olar bu ses berişlikde Respublikan partiýanyň dalaşgäri, öňki prezident Donald Trump bilen Demokratik partiýanyň dalaşgäri, wise-prezident Kamala Harrisiň gazanan netijelerini kesgitlemeli.
Ses beriş uçastoklary 5-nji noýabrda, gündogar ştatlaryň käbirinde ir sagat 5-de (Praga wagty bilen sagat 11-de) açylýar. Ses berişlik tutuş ýurt boýunça, şol sanda Alýaskada we Hawaýide, ABŞ-nyň uzak günbatar ştatlarynda agşam sagatlaryna çenli dowam eder.
Ilat ýazuwy býurosynyň maglumatyna görä, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda goýlan rekordlardan soň, saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşygynyň has ýokary bolmagyna garaşylýar.
Federal saýlaw resmileri 4-nji noýabr güni giçlik, bäsleşigiň örän çekeleşikli bolmagy bilen, Russiýanyň we Eýranyň ABŞ-ly saýlawçylaryň arasynda agzalalyk döretmäge gönükdirilen täsir kampaniýalaryny güýçlendirýändiklerini duýdurdylar.
2020-nji ýylda iş başyndaky prezident Jo Baýdenden ýeňlen Tramp ol iýul aýynda 2024-nji ýyldaky bäsleşikden çekileninden soň, üçünji gezek dalaş edýär.
Onuň demokrat bäsdeşi Harris, saýlanan halatynda, ABŞ-nyň Günorta Aziýadan bolan we ilkinji aýal prezidenti bolar. Tramp saýlansa, taryhda yzygiderli ýagdaýda ikinji möhlete saýlanmadyk ikinji prezident bolar.