Altyn tupan: Gyş tolkunlary ýantar daşlaryny rus kenaryna itýär
Bu surat, 18-nji ýanwarda Russiýanyň günbatar Kaliningrad eksklawynda ýerleşýän "Pionerskiý" kenaryna ýörite geýimli onlarça erkegiň gelendigini görkezýär.
Bu adamlar 17-nji ýanwarda Baltika deňzinde turan tupanyň getiren galyndylaryny süzüp almak üçin ýörite torlary ulanýarlar. Şol gün ýel sagatda 82 kilometre ýetdi.
Käbir bagtly adamlar tupanyň galyndylaryndan şunuň ýaly çig ýantar böleklerini çykarýarlar.
2021-nji ýylyň iýun aýynda Kaliningraddaky ýantary gaýtadan işleýän zawodyň arhiw suraty.
Ýantar - bu onlarça million ýyl ýeriň aşagynda ýa-da deňziň düýbünde gymmat bahaly daşlara meňzeş böleklere gysylan agaç şepbiginiň ýa şiresiniň daşa öwrülen görnüşidir. Ol sosna agajy ýaly gadymy ösümlikleriň bir wagtlar ösen ýerlerinde tapylýar.
Kaliningradda ýantar monjugynyň arhiw suraty.
Ýantar ýarym dury, goňrumtyl sary (karamel) reňkdäki gözelligi bilen, adamzat taryhynyň dowamynda gymmatly daş hasaplanýar.
18-nji ýanwarda "Pionerskiý" kenarynda surata düşürilen ýantaryň bir bölegi. Dünýäde gazylyp çykarylýan ýantaryň 90 göteriminiň Kaliningraddadygy çak edilýär.
18-nji ýanwarda suw geçirmeýän eşigi geýen bir adam tordaky galyndylary arassalamak üçin gury ýere tarap ýörap barýar.
Baltika deňzinde tupanyň getiren galyndylaryndan çig ýantary ýygnamak işleri ençeme asyr bäri dowam edýär. Bu suratlarda görkezilýän kenary öz içine alýan, 1600-nji ýyllaryň başyndaky kartada “demirgazyk ýeli öwüsýän mahaly, bu ýerde ýantaryň ýygnalýandygy" aýdylýar.
2017-nji ýylyň oktýabr aýynda turan tupandan soň, Kaliningraddaky kesgitlenmedik ýerde ýantar awçylarynyň tolkunlar bilen göreşýän pursadyny görkezýän arhiw suraty.
Pionerskiýniň polisiýa işgäri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren maglumatynda ýantary tapmak üçin agyr tehnikalary ulanmagyň bikanundygyny aýdyp, bu tehnikalary ulananlara uly bolmadyk mukdarda jerime salynýandygyny belledi. Emma tupandan soň, her ýylyň gyş paslynda bolşy ýaly, ýantary torlar bilen, elde ýygnamaga rugsat berilýär.
18-nji ýanwarda ýantar ýygnaýanlar deňziň kenarynda dem-dynç alýarlar.
Kaliningrad ýantarynyň her bir kilogramy 1000 dollardan gowrak bolup, onuň satuwynda we eksportynda gülläp ösýän gara bazar bar. Hytaý "Baltika altynynyň" dünýädäki iň uly satyn alyjysydyr.