Almatyda ýertitremede sekiz adam ýaralandy

Ýaşaýjylar ýer sarsan mahaly howsalada daşary çykdylar. Almaty

Gazagystanyň iň iri şäheri Almatyda iki gün ozal Gyrgyzystan-Hytaý serhediniň golaýynda bolan ýertitremäniň netijesinde sekiz adam şikeslendi. Bu barada 23-nji ýanwarda ýerli resmiler habar berdiler.

Ýaralananlaryň üçüsi ýer sarsan mahaly ikinji we üçünji gatdan aşak bökenlerinden soň, keselhana äkidildi. Olaryň biriniň ýagdaýy henizem agyr bolmagynda galýar.

Ýene bäş adam öýlerinden howsalada howlukmaç daşary çykan mahaly dürli şikesleri aldylar.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik merkeziniň maglumatyna görä, hytaý-gyrgyz serhediniň golaýyndaky ýertitremäniň magnitudasy 7 bala deň bolupdyr, mundan soňky dörän sarsgynlarynyň kuwwady hem bäş magnituda töweregi bolupdyr.