"Akylyňa sygmaýar: nädip gulagyny kesip, burnuny kesip bolar?!"

Bişkek şäheriniň etegindäki obalaryň birinde, bir adam gabanjaňlykdan ýaňa öňki aýalynyň gulagyny hem burnuny kesdi.

Adam hukuklaryny goraýan Human Right Watch halkara guramasy Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini maşgalada bolýan zorluk-sütemden goramagy güýçlendirmäge çagyrýar. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň arz-şikaýat etmegine tutuş ýurdy haýran galdyran waka sebäp boldy.

Human Right Watch gyrgyz häkimiýetlerini maşgalada bolýan zorluk-sütemden goramagy güýçlendirmäge çagyrýar. Sebäbi golaýda bolup geçen waka bütin ýurdy sarsdyrdy hem adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň arz-şikaýat etmegine getirdi.

Bişkek şäheriniň etegindäki obalaryň birinde, bir adam gabanjaňlykdan ýaňa öňki aýalynyň gulagyny hem burnuny kesdi. Öňki aýalyna garşy bu zorlugy ol adam 10 ýaşly ogly öýde bolan wagtynda amala aşyrdy. Mundan öň ol aýal aýrylyşan äriniň yzygiderli gelip, özüni urup-horlaýandygy barada, milisiýa bölümine gaýta-gaýta ýüz tutupdyr, ýöne netije bolmandyr.

"Bu meniň aýal doganymdygyna düşünýärin, ýöne akyla sygmaýar. Nädip beýle bolýar? Nädip birine garşy muny edip bolar? Nädip gulagyny kesip, burnuny kesip bolar?!" diýip, ejir çekeniň doganoglany Diana aýdýar.

Aseliň dogan-garyndaşlaryna – olaryň gyzy we biriniň dogany bolan ynsanyň şeýle wagşylygyň pidasy bolandygyna ynanmak henizem kyn, olar muny Internetden bilipdirler. Lukmanlar "gulaklaryny we burnuny kesipdir” diýip, mälim etdiler, bu diňe bir aýdylan uly söz däl. Ol adam sözüň göni manysynda, öňki aýalynyň şol organlaryny kesipdir.

"Wraçlarda bolşy ýaly, bizde hem öňünden aýdara hiç bir çaklama ýok – diýip, Diana aýdýar. – Sebäbi kesilen organlaryň bitjek ýa-da bitmejegini bilmek bir günüň işi däl. Munuň üçin iki-üç hepde gerek bolýar. Bar zat adama, onuň immunitetine bagly. Bize häzirlikçe hiç zat aýtmadylar, bize diňe ýagdaýyň üýtgewsiz agyr bolmagynda galýandygyny aýtdylar”.

Aseli halas etmek operasiýasy 8 sagatlap dowam edipdir. Şaýatlaryň aýtmagyna görä, ol goňşy aýalyň kömegi bilen diri galýar. Ol gykylygy eşidip, milisiýa ýüz tutupdyr. Hossarlary Aseliň boýnunda-da pyçagyň yzynyň bardygyny mälim etdiler. Nähilidir bir gudrat bilen arteriýa damarynyň kesilmän galandygyny aýdýarlar.

Jebir çeken 36 ýaşly gyrgyzystanly aýalyň hossarlary bu pajygaly wakadan gutulmaga mümkinçiligiň bolandygyna ynanýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, maşgaladaky zorluk-sütem ir wagtdan başlanypdyr. Hut şol sebäpden Asel bäş ýyl mundan ozal ärinden aýrylyşypdyr. Onuň aýtmagyna görä, ençeme ýyllap adamsy ony yzarlapdyr, urupdyr we zorlapdyr.

"Elmydama şol bir zat, ol meniň doganymy urýardy, ol ýerli milisiýa işgärine jaň edýär, arza ýazýar. Adamsyny alyp gidip, üç günlük gabawda saklaýarlar. Soňra boşadýarlar, ony gözenegiň aňrysyndan boşadanlaryndan, 15 minut geçenden soň, ol eýýäm meniň aýal doganymyň öýüniň golaýyndady. Hawa, ýene tä ol öldürýänçä, biz oňa garşy iş açmarys diýipdirler” diýip, jebir çekeniñ doganoglany aýdýar.

Soňky gezek bu iş kazyýete baryp ýetipdir. Aseliň öňki äri 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilýär, emma kazyýet ony azatlyga goýberip, şertli üç ýyllyk möhlete çalyşýar. Indi bu kararyň kanunydygyna Ýokary kazyýet baha bermeli.

Ejir çeken karar bilen ylalaşman, Çuý welaýat kazyýetine arza bilen ýüz tutupdyr. Kazyýetde diňlenişik işi boýunça möhlet bellenipdir. Şu işiň seredilmeginiň netijeleri esasynda, synag möhletiniň gözegçiligini amala aşyran kazyýetiň hereketleri barada, ýerlikli baha berilmeli edilipdir.

Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýetiniň metbugat gullugy resmi beýanat berdi, onda şeýle diýilýär: "Seslenmelerden soň, bu işe hut Içeri işler ministriniň özi ünsi çekdi. Milisiýa işgärleri maşgalada bolýan zorluk-sütemiň öňüni almaga uly ünsi çekýärler. Bu ugurda maşgalalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, öý şertlerinde zorluk-sütemiň öňüni almak ugrunda, ähli derejelerde aktiw işler alnyp barylýar. Hususan-da, Seleksiýa obasynda bolup geçen jenaýata aýratyn üns berilýär. Içeri işler ministri, milisiýanyň general leýtenanty Ulan Nyýazbekow bu işi öz şahsy gözegçiligine alyp, obýektiw hem hemmetaraplaýyn barlagy kepillendirýär."

Dogan-garyndaşlary häzir özlerini adalatly kazyýet işi däl-de, Aseliň saglygy has beter gyzyklandyrýandygyny aýdýarlar. Hossarlary onuň saglygyny bejermäge gerek serişdeleri toplamak üçin, sosial ulgamlarda sahypa döretdiler. Olar Aseliň ýüzüni hadysadan öň hem, soň hem örtmek islemeýändiklerini aýdýarlar. Maşgala agzalary Aseliň ýüz keşbi Gyrgyzystanda maşgalada bolýan zorluk-sütemden ejir çekenleriň nyşanyna öwrülmeli diýip hasaplaýarlar.

2021-nji ýylyň halkara indeksine görä, Gyrgyzystan Merkezi Aziýada aýallar üçin iň howply ýurt hökmünde ykrar edildi. Aýallara garşy edilýän zorluk bilen bagly işleriň ýarysyndan gowragy kazyýete baryp ýetmeýär.

Adam hukuklaryny goraýan Human Right Watch halkara guramasy gyrgyz häkimiýetlerini maşgalada bolýan zorluk-sütemden goramak meselesini gaýra süýşürmegi bes etmäge we ýagdaýy krizis hökmünde ykrar etmäge çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.