AI Tährandaky protestde eşiklerini çykaran zenanyň boşadylmagyna çagyrýar

Eýranyň Azat uniwersitetiniň ýanynda ýanamalara protest bildirýän zenan

Amnesty International 2-nji noýabrda, görnüşinden, Tähran uniwersitetiniň golaýyndaky ýanamalara garşy protest bildirip, köp eşigini çykaran ýaş zenanyň derrew boşadylmagyna çagyrdy.

Eýran häkimiýetleri uniwersitetiň alkymyndaky köçede içki geýimlerinden başga ähli eşigini çykaran studenti tussag etdi. Çyplaň görnüşdäki zenanyň wideosy ilki Eýranyň student kanalynda, Amir Kabir habar neşirinde, soň bolsa Hengaw hukuk topary, Amnesty International we beýlekiler tarapyndan çap edildi.

"Häkimiýetler ony azatlyga çykarylmagyna garaşylýan wagtynda gynamalardan we beýleki ýowuz çemeleşmelerden goramaly, maşgalasyna we aklawçysyna elýeterliligi üpjün etmeli" diýip, Halkara Günä geçiş guramasy aýtdy. “Onuň tussag edilen wagtynda ýenjilendigi we jynsy zorluga sezewar edilendigi barada aýdylýanlar garaşsyz we bitarap ýagdaýda derňelmeli. Günäkärler jogapkärçilige çekilmeli.”