Ahal welaýatynyň paýtagt Aşgabadyň eteginde ýerleşýän etraplarynyň ýaşaýjylary öz ýaşaýan sebitlerinde un üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän kynçylyklaryň arasynda un we çörek satyn almak üçin paýtagta gatnamaga mejbur bolýarlar. Bu aralykda, Türkmenistan Russiýadan import edýän ununyň möçberlerini artdyrýar.
Aşgabatda käbir harytlaryň, şol sanda gök-bakja önümleriniň bahalary soňky birnäçe günüň dowamynda iki esse töweregi gymmatlady.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Ahal welaýatynyň etrap merkezlerinde we oba ýerlerinde, şeýle-de paýtagt Aşgabatda un we çörek üpjünçiliginiň ýagdaýyny öwrendiler.
Paýtagt ýaşaýjylarynyň döwlet dükanlaryndaky ýeňillikli un we çörek üpjünçiligi “belli bir derejede” kadaly ýola goýlupdyr. Şeýle ýagdaýyň fonunda, paýtagtyň alkymynda ýerleşýän Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary un we çörek satyn almak üçin paýtagta gatnaýarlar.
Günorta sebitiň daýhan birleşiklerindäki döwlet dükanlarynda “her bir hojalyga aýda bir gezek çäkli möçberlerde, 10 kilogram un azyk paýlary hökmünde” paýlanýar, şeýle-de etrap merkezlerinde ilata “çäkli möçberlerde” ýeňillikli bahadan çörek satylýar.
Degişli maglumat Paýtagtlylar unuň ýanyndan ýaramlylyk möhleti geçen önümi satyn almaga mejbur edilýär“Elbetde, satylýan çörek her bir hojalyga ýetmeýär. ‘Alan-aldy’ edilýär” diýip, bir sebit ýaşaýjysy aýdýar.
Galyberse-de, paýtagtdan çetde ýerleşýän sebitleriň ýaşaýjylary özlerine paýlanýan ýeňillikli unuň hiliniň “juda pesdigini” aýdýarlar. Käbir hojalyklar ýeňillikli bahadan satyn alan pes hilli undan bişirýän çöreklerini “öý haýwanlaryna berip”, özleriniň sarp edýän un we çöregini satyn almak üçin paýtagta gatnaýandyklaryny aýdýarlar. Ýöne ykdysady ýagdaýy pes hojalyklar gara çörek bilen oňmaga mejbur bolýarlar.
Mätäç hojalyklar hili ýaramly un üpjünçiligini gazanmak üçin, ýerli häkimiýetlere, welaýat we sebit häkimliklerine, galyberse-de geňeşliklere ýüz tutýarlar.
“Arz-şikaýatlara oňyn çözgüt tapylmaýar, ýa-da olara düýbünden seredilmeýär, hatda hiç hili jogap hem berilmeýär. Şol sebäpden adamlar öz meselelerini özleri çözýärler” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Paýtagtyň etegindäki obalaryň käbir ýaşaýjylary Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň arka gapysynda ylalaşyp, “50 kilogramlyk bir halta uny 150-200 manada satyn alyp dynýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň hökümeti, öňki ýyllardan tapawutlylykda, şu ýyl ýurduň bugdaý meýdanlaryndan ýygnalan galla hasyly bilen bagly sanlary äşgär etmedi. Şu ýyl ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna töweregi galla hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýardy.
Bu aralykda, Türkmenistan rus ununyň importyny artdyrýar. “Trend” neşiri 4-nji sentýabrda Türkmenistanyň 2022-2023-nji oba hojalyk ýylynda, 2022-nji ýylyň 1-nji iýuly bilen 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly aralygynda Russiýadan 54 müň tonna un import edendigini habar berdi.
Degişli maglumat Göroglyda un üstünde dörän ýakalaşygyň netijesinde bir aýal heläk boldyÝylyň başlarynda hökümetçi türkmen neşirleri Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň dowamynda Russiýadan iň köp un import eden bäş ýurduň hataryna girendigini habar berdiler. Ýanwarda çap edilen sanlara görä, Türkmenistan 2022-nji ýylda rus ununyň importyny 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4,5 esse töweregi artdyryp, 43 müň tonna çykarypdyr.
Azatlygyň habarçylary awgustyň ahyrynda paýtagtlylaryň döwlet dükanlarynda ilata hödürlenýän unuň gapdalyndan ýaramlylyk möhleti geçen önümleri satyn almaga mejbur edilýändiklerini habar berdi.
Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary un we çörek satyn almak üçin paýtagta gatnaýan mahaly, Aşgabatda käbir harytlaryň, şol sanda gök-bakja önümleriniň bahalary soňky birnäçe günüň dowamynda iki esse töweregi gymmatlady.
Aşgabadyň gök-bakja bazarlarynda mundan birnäçe gün ozal 3-5 manat aralygynda bahalanan käşiriň bahasy häzirki wagtda 7-8 manada käbir etrapçalarda 10 manada çenli gymmatlapdyr. Kelemiň bir kilesiniň bahasy 4-5 manatdan 7 manada çykdy. Bir kilogramy 4 manat bolan hyýaryň bahasy 6-8 manada göterildi.
Aşgabadyň bazarlarynda azyk önümleriniň bahalarynyň birden ýene galmagynyň aňyrsynda ýatan mümkin bolan sebäpler aýdylmaýar. “Käbir adamlar ýurt boýunça aýlyklar we pensiýalar tölenende bahalaryň galýandygyny, soňra ýene öňki durkuna gelýändigini aýdýarlar” diýip, bir paýtagt ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.