Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna şu ýyl Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinden bolan ýaşlar hem resminama tabşyryp, okuwa girip biler diýip, Azatlygyň habarçysy türkmen metbugatyna salgylanyp habar berýär. Şeýle-de, metbugat bu ýyl ýokary mekdeplere 300-den gowrak dalaşgäriň köp alynjakdygyny buşlaýar, 'parasyz bilim' myş-myşlary köpelýär.
Ýerli kanunlaryň raýatlaryň ýurt çägindäki islendik ýokary okuw mekdebinde okamak hukugyny kepillendirýändigine garamazdan, Balkan we Ahal welaýatlarynyň ýaşlary ozal Türkmenabatdaky ýokary okuw jaýynda okap bilmeýärdi. Şeýle-de, lebaply dalaşgärleriň käbiriniň Aşgabatdan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, mugallymçylyk ugrundan okajak bolsa, yzyna gaýtarylýan halatlary az däldi.
“2013-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa bölümine okuwa girmek isledim, ýöne resminamalarymy kabul etmediler. “Sizde pedinstitut bar, siz şol ýere document tabşyrmaly” diýip yzyma, Lebaba ugratdylar. Bu düzgün şu güne çenli dowam edýärdi” diýip, Çärjew etrabynyň bir mekdep mugallymy aýtdy.
Degişli maglumat Bilim başlyklary täzelendi, sebäbi aýdylmady. Hünärmenler pudagyň 'çökendigini' aýdýarlarOkuwa girjek ýaşlaryň doglan sebitleri bilen bagly ulanylýan bikanun çäklendirmeleriň birden, edil şu ýyl ýatyrylmagynyň sebäbi düşündirilmeýär. Şol bir wagtda, Lebap welaýatynyň baş bilim müdirligindäki çeşmäniň aýtmagyna görä, ýurduň ÝOJ-larynda tölegli esasda bilim berilýän ugurlar barha köpeldilýär.
“Şu ýyl pedagogika instituty hünärmenler üçin 17 ugur boýunça okuw hödürleýär, ol okuwlaryň diňe 6 ugry býujet esasynda, galan bölegi tölegli esasda okadylar. Bu ugurlaryň 64,7% -ini tutýar” diýip, çeşme “Türkmenistan” gazetine salgylanyp aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, býujet tarapyndan maliýeleşdirilýän okuw ýerleriniň sany her ýyl azaldylýar we tölegli ýerlerdäki ýyllyk okuwyň bahalarynyň möçberi her ýyl ýokarlandyrylýar.
“Mugallymçylyk institutyndaky ýyllyk okuw tölegi takmynan 10 müň manat. Ykdysady krizis sebäpli, hökümet döwlet gaznasyny hünär öwrenjek ýaşlaryň hasabyna doldurmaga synanyşýar. Soňky ýyllarda köp mekdebiň doly tölegli esasa geçiriljekdigi hakynda gürrüň edilýär” diýip, sebitiň bilim edarasyndaky çeşme Azatlyk bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.
Geçen ýyldakydan 300-den gowrak dalaşgäriň kän student boljakdygyna garamazdan, türkmen ÝOJ-lary bary-ýogy 16 müň çemesi okuwçyny kabul edip bilýär we bu her ýyl orta mekdepleri tamamlaýan ýaşlaryň gaty uly böleginiň gyrada galýandygyny aňladýar. Okuw orunlarynyň juda az bolmagyndan başga, hakyky bilim aljak, okajak ýaşlaryň badyny alýan ýene bir uly mesele bolup, ol okuw jaýlarynda çuň kök uran parahorlyk bilen bagly.
Şunuň bilen baglylykda, prezident golaýda bilim ugrundaky nobatdaky kadr çalşygyny geçirip, “ýokary okuw mekdeplerine zehinli, has mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmek wezipelerini” ýatlatdy.
Ýöne synçylar bilimdäki paranyň prezidentiň sözünden we kanunlardan “has güýçli görünýändigini” aýdýarlar. Megerem şu sebäpden, 2012-nji ýylda bolşy ýaly, şu ýyl Lebapda okuwa para bermän girenleriň has köp boljakdygy hakynda myş-myş ýaýradylýar diýip, habarçymyz aýtdy.
“2012-nji ýylda ikinji möhlete saýlanan uly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny güýçlendirmek üçin, ner niçik hem bolsa, ýaşlaryň köpüsine öz güýjüne okuwa girmek mümkinçiligi döredildi. Şonda synag otaglarynda duýdansyz gözegçilik kameralary oturdyldy, mugallymlar dogruçyl hereket etmäge mejbur boldy we bu gowy netije berdi" diýip, Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndaky çeşme aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, 2012-nji ýylda okuwa giren köp talyp zehinli bolup çykdy, olaryň käbirini institutda mugallym edip alyp galdylar.
"Belki-de, häzirki myş-myşlar kiçi Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny mahabatlandyrmak üçin ýaýradylýandyr” diýip, çeşme öz çaklamasyny paýlaşdy.
Degişli maglumat Parahorluk kim üçin gowy ýa-da näme üçin görmezlige salynýar?Bu okuw jaýyna 2013-nji ýylda giren dänewli mugallym synag otaglaryndaky kamera gözegçiliginiň uzaga çekmändigini, derrew olardan aýlanyp geçmek shemasynyň döredilendigini gürrüň berdi.
“2013-nji ýylda 25 müň dollar para berdim. Otagda kamera bolansoň, ”Jogaplaryň ýalňyş, indiki ýyl gel” diýdiler. Ýöne otagdan çykan badyma bir nätanyş erkek öňümden çykyp, kamerasyz, özüm ýaly ýaşlaryň oturan kabinetine saldy. Başga bir mugallym synaglaryň jogaplaryny getirip berdi we biz arkaýyn göçürdik” diýip, öňki student bu ýagdaýy köp adamyň bilýändigini belledi.
Bu ýyl ýokary mekdeplere köp adamyň parasyz girip biljekdigi baradaky myş-myşlar, Türkmenabadyň polisiýa bölümindäki çeşmäniň tassyklamagyna görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan ýaýradylýar.
"Durmuş köp adamy daşary ýurtda bilim almagyň has gowudygyna düşünmäge mejbur etdi. Ikinjiden, okap bilse, köp adam daşary ýurda göçmek isleýär. Şu sebäpden, ynanjaň, sada adamlary saklamak üçin, goňşy edaranyň işgärleri süýji gürrüň ýaýradýarlar" diýip, polisiýadaky çeşme aýtdy.
Şu aralykda, resminama kabul etmek möwsümi bilen bir hatarda, saglyk edaralaryndaky para möwsümine hem ‘badalga berilýär’ diýip, Türkmenanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýündäki çeşme aýtdy.
"Dalaşgärler klinikanyň degişli otaglarynda lukmançylyk barlagyndan geçmeli. Her ýyl bolşy ýaly, iýul aýynyň soňuna çenli her gün irden gapylaryň öňünde saglyk kepilnamalaryny aljak bolýan ýaşlaryň uly nobatlary dörär. netijede, barlagdan çalt geçjek adamlaryň özleri para berer. Geçen ýyl iň pes nyrh 100 manat boldy" diýip, saglyk öýündäki çeşme öz bilýänlerini paýlaşdy.
Uly Berdimuhamedow döwründe korrupsiýa, şol sanda bilimdäki korrupsiýa garşy birnäçe göreş kampaniýasy yglan edildi, jogapkär resmileriň käbiri türmä basyldy. Emma kiçi Berdimuhamedow 12-nji iýulda geçiren hökümet mejlisinde bilim ýolbaşçylaryny täzeläp, bu ugurdaky korrupsiýa meselesine girmekden saklandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.