Ahalda ýer-suw dartgynlylygy güýçlenýär, ýüzlerçe aýal-gyz işini ýitirýär

Bezeg suraty

Türkmenistanda otuz ýyldan gowrak wagt bäri çözülmeýän ýer-suw meseleleri, oba hojalygynda 90-njy ýyllardan bäri çuň kök uran korrupsiýanyň güýçlenmegi bilen, hususy ýyladyşhanalaryň ýapylmagyna, ýüzlerçe aýl-gyzyň işini ýitirmegine sebäp bolýar. Bu ýurtda gurlan we ýüzlerçe adama iş beren ýyladyşhanalaryň ýapylmagyna getirýän sebäpleriň köpelýändigini aňladýar.

Azatlygyň habarçysy bu meseleleriň häzir Ahal sebitiniň günbatar bölegindäki obalarda dörän ‘ýyladyşhana dartgynlylygynyň’ güýçlenmegine getirendigini habar berýär. Mundan öň, iýun aýynyň aýagynda Ahal sebitiniň günortasynda, Parahat, Akýaýla, Garagum geňeşliklerinde ýer üstünde dörän dartgynly ýagdaý, arçynyň awtolulagynyň daşlanmagyna getiren protest barada habar berlipdi.

Bäherden etrabynyň Arçman, Börme ýaly birnäçe obasynda dörän dartgynly ýagdaý, aýdylmagyna görä, arçynlaryň hususy ýyladyşhanalaryň eýelerine edýän basyşlaryny artdyrmagy, ýyladyşhanalaryň sökülip aýrylmagyny talap etmekleri sebäpli güýçlenýär.

Ýyladyşhanalary sökmek baradaky talap resmi taýdan, kanun esasynda düşündirilmeýär, ol diňe ýyladyşhana eýeleriniň işinden tapylan dürli kemçiliklere, hamala, ýokardan, hökümetden gelen görkezmä, welaýat we etrap häkimleriniň öz gözegçilik edýän çäklerinde gurlan ýyladyşhanalaryň sökülmegini talap edýändigi barada sözlere esaslanýar diýip, habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Oba hakykaty: Adamlar çykalgany lapykeçliklerini aýtmakda görýärler

Häkimiýetleriň esasy bildirilýän nägleleligi, gelip gowşan maglumatlardan görnüşine görä, ýyladyşhanalaryň ýerleşýän ýeriniň golaýyndaky obalarda dörän agyz suwy ýetmezçiligi bilen bagly bolup görünýär.

“Ekinleri damja usulynda suwarman, tomus aýlarynda ýyladyşhananyň golaýyndaky obalarda agyz suwunyň ýetmezçiligine sebäp bolmakda aýypladylar. Eken ekinlerimiň suw üpjünçiligini bes etmegi talap edýärler. Bu diýdigi ekiniň suwsuz guramaly diýdigi, saňa ekin ekmäge, hasyl almaga gadaganlyk girizýäris diýdigi bolýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýyladyşhana eýesi aýtdy.

Hususyýetçiniň tassyklamagyna görä, ýerli häkimiýetler oňa hökümet tarapyndan satylan ýerleriň eýeleriniň ýetişdiren hasylyndan ýa öndüren önüminden etrap býujetine hiç hili girdejiniň girmeýändigini aýdypdyrlar.

“Özüme aýdylan zady aýdaýyn. Maňa gelip, ‘siz pomidor ýetişdirip, hasylyny Russiya Federasiyasyna satyp, girdejisini öz jubüleriňize urýarsyňyz, ilat bolsa tomus aýynda agyz suwuna zar bolýar. Siz diňe öz peýdaňyza kowalaşýarsyňyz, başga zady bilmeýärsiňiz’ diýdiler” diýip, ýyladyşhanasyna gelýän suwuň öňüne böwet basylan başga bir hususyýetçi hem, aýratynlykda, arçynlaryň miraplara berýän görkezmesini tassyk etdi.

Ýöne bu basyş diňe akar ýaplardan gelýän suw bilen hem bagly däl. Soňky ýyllarda, ara ýaplary arkaly gelýän suwuň azalmagy bilen, öz ýerinde sorujy gurduryp, köp adam ekinini ýer astyndan alynýan suw bilen suwarmagy öwrendi. Emma indi, hususyýetçilere edilýän basyşyn çäginde, suw sorujy enjamlar hem kän derde ýaramajaga meňzeýär.

“Eger-de ekiniňi ýer astyndan, suw sorujy bilen çykaran suwuňa suwarýan bolsaň, onda elektrik üpjünçiligiňi kesip, suw sorujy enjamyňy işlemez ýaly edýärler” diýip, başga bir hususyýetçi aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşilen hususyýetçleriň tassyklamagyna görä, ýyladyşhana eýeleriniň arz edip, kanun esasynda öz işini goramak mümkinçiligi az, sebäbi hökümet bu dartgynly ýagdaýda häkimleriň, arçynlaryň tarapyny tutýar we hususýetçileriň guran ýyladyşhanalarynyň ýykylyp aýrylmagyna goltgy berýär.

Degişli maglumat 'Hormatly Prezident' propagandasy bugdaýy däl, 'dilegçilik edýän çagalary köpeldýär'

Görnüşinden, bu ýagdaý ýer eýeleriniň ýerlerini yzyna almaga esas döredýär. Ýyladyşhanalaryň ýapylmagy ýüzlerçe aýal-gyzyň işini ýitirmegine, bir topar maşgalanyň gazançdan kesilmegine getirýär, sebäbi olaryň hersinde azyndan 20 çemesi aýal-gyz işleýär.

“Aýal-gyzlar erkek adamlara garanda jepakeş bolýar, erkekler ýaly arak içip, serhoş bolmaýar” diýip, ýyladyşhana eýeleriniň biri esasan aýal-gyzlaryň işe alynmagynyň sebäbini düşündirdi.

Habarçynyň maglumatyna görä, häzirki ‘ýyladyşhana dartgynlygy’ esasan Ahal welaýatynda döreýär. Sebäbi, ýyladyşhanalar köpçülikleýin Gökdepe, Bäherden etraplarynda gurlupdyr we olaryň düýp ýeleri ozal ýokary wezipelerde işlän we belli bir derejede maýa toplan, eli giň adamlar bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.