Şu günler Ahal we Mary welaýatlarynyň obalarynyň ençemesinde ýerli häkimiýetler ýaşaýjylara hususy hojalyklaryndaky ownuk we iri şahly mallaryny howlusyndan daşarda otlatmagy gadagan edýärler.
Olar munuň sebäbini mal-garalaryň obalaryň daş-töweregindäki ekin meýdanlaryna zyýan ýetirýändigi bilen düşündirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 17-nji aprelde Ahaldan we Marydan maglumat berdiler.
“Oba arçynlary ýaşaýjylara ownuk we iri şahly mallaryny howlusyndan çykarmaga, öri meýdanlarda otlatmaga gadagançylyk girizýärler. Olar mallaryň ekerançylyk, şol sanda pagta we bugdaý meýdanlaryny zaýalaýandygyny aýdýarlar” diýip, habarçylarymyz belleýärler.
Degişli maglumat Ot-iým ýetmezçiligi maldarçylyk pudagyna zarba urýar, mallar gyrylýarAzatlykda bu gadagançylyklaryň anyk haýsy obalarda girizilendigi barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Häkimiýet wekilleri bu gadagançylygyň wagtlaýyn çäremi ýa däldigi barada ilata anyk bir zat aýtmaýarlar. Azatlyk bu barada Ahalyň we Marynyň oba hojalygy bölümlerinden teswir hem alyp bilmedi.
Ýöne oba ýaşaýjylary özleriniň mal saklamak mümkinçilikleriniň ýylyň-ýylyna çäklendirilýändigini aýdyp, bu gadagançylyga nägilelik bildirýärler.
“Bize obamyzyň töweregindäki mal bakmak üçin niýetlenen öri meýdanlaryň aglaba bölegine barmaga mundan ozal hem rugsat berilmeýärdi. Sebäbi bu öri meýdanlarda diňe döwletiň hasabynda duran mallary otlatmaga rugsat berilýär. Bu meýdanlara hususy hojalyklaryň mal-garalary goýberilmeýär. Mallarymyzy otlatmak üçin ujypsyz öri meýdan bardy, indi ol hem galmady” diýip, maryly bir oba ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.
Oba ýaşaýjylary mallary diňe howluda bakmagyň aşa köp maddy çykdajy talap edýändigini aýdyp, häzirki wagtda köp adamyň hususy hojalyklaryndaky mallaryny satyp başlandygyny hem belleýärler.
“Sygyrlary, goýunlary mal ýatakda saklap, olary ýorunja, saman satyn alyp otlatmagyň çykdajysy juda köp bolýar. Häzir köp adam mallaryny satyp, çykdajydan dynmaga mejbur bolýar” diýip, ahally oba ýaşaýjysy anonim şertde aýtdy.
Degişli maglumat Polisiýa gowaça meýdanlaryndaky mallary ‘saklaýar’, jerime töletdirýärHabarçylarymyz şu günlerde hususy hojalyklardaky mallaryň sanynyň azalmagy bilen, mal etiniň, süýt we gatyk önümleriniň gytçylygynyň emele gelip başlandygyny hem belleýärler.
“Bu ýagdaý bu önümleriň bahasynyň gymmatlamagyna hem getirýär” diýip, habarçymyz aýtdy.
Häkimiýetleriň ahally we maryly oba ýaşaýjylaryna garşy bu çäreleri Ahalyň we Marynyň gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň dowam edýän mahalyna gabat gelýär. Resmi media bu barada yzygiderli habar berýär.
Galyberse-de, bu maglumat Marynyň käbir etraplarynda ot-iým ýetmezçiliginiň maldarçylyk pudagyna zarba urýandygy, mallaryň gyrylýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmenistanda häkimiýetler mal-garalaryny gowaça we bugdaý meýdanlarynyň golaýynda otladýan raýatlara garşy mundan ozalky ýyllarda hem çäre görüpdiler. Polisiýa işgärleriniň ekin meýdanlarynyň golaýynda otlaýan ýa-da daňylgy duran iri we ownuk şahly mallary saklap, olaryň eýelerine jerime töletdirmegi bilen bagly ýagdaýlar ençeme gezek boldy.
Häkimiýetler bu çäreleriniň sebäbini mallaryň ekin meýdanlaryny zaýalaýandygyny aýdyp, “pagta we bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnamak” tagallalary bilen düşündirýärler. Emma oba ýaşaýjylarynyň we maldarlaryň ençemesi mallaryň özleriniň gözegçiliginde otlaýandygyny aýdyp, ekin meýdanlaryna zyýan ýetmeýändigini belleýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.